Ýapon alymlary garramaga sebäp bolýan öýjükleri aradan aýyrmak üçin sanjym taýýarladylar. Bu babatdaky degişli işleri professor Toru Minaminonyň ýolbaşçylygyndaky Juntendo uniwersitetiniň alymlary alyp bardylar. Lukman alymlar adam bedeninde wagtyň geçmegi bilen ýygnanýan we beýleki öýjüklere zeper ýetirýän öýjükleri ýok etmegi başardy. Şeýle öýjükler bedende çişme we ýaş bilen baglanyşykly keselleriň döremegine sebäp bolýarlar. Bu sanjym arkaly şeýle öýjükleriň köpelmeginiň öňini alyp bolýar. Alymlar garrylyga garşy sanjym döretmek üçin käbir beloklary kesgitläp, şol babatda ylmy işleri alyp bardylar. Bu sanjym degişli jandarlarda synag edilip, onuň üstünlikli geçendigi mälim edildi. Alymlar aminokislotaly peptid sanjymyny döretdiler. Waksina antikorlary döredýär, netijede garry öýjükleri ýok edýär we dykylan gan damarlaryny arassalaýar. Bu sanjym ýaş bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Ylmy barlag barada «Nature Aging» žurnalynda makala çap edildi.
Geldimyrat SOLTOWOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.