Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýär.
Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.
Häzirki wagtda «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Sekretariatyna tabşyryldy. 2022-nji ýylda bu barada degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar. Elbetde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň geljekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder. Munuň özi halkara medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýol açar.
Ýüň, ýüpek, altyn, kümüş, dür, hünji, merjen, reňkli daşlar we teňňeler bilen bezelen keşdeleriň dürli görnüşli nagyşlaryny saklaýan keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden biziň günlerimize ýetip, halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolupdyr.
Keşdeleriň ähli görnüşleri diýen ýaly iňňe bilen ýerine ýetirilýär. Senetçiligiň bu nepis görnüşini ýerine ýetirende ussat keşdeçiler tebigatyň ajaýyplyklaryny, özleriniň duýgularyny siňdirmek bilen olarda halkyň ussatlygyny, milli özboluşlylygyny we dünýägaraýyş aýratynlyklaryny şöhlelendiripdir.
Merkezi Aziýa halklarynyň keşdeçilik sungaty beýleki halklaryňka garanyňda nagyşlarynyň dürli reňkli sapaklaryň ulanylmagy bilen tapawutanýar. Erkekleriň we zenanlaryň geýimlerinde hem-de baş geýimlerinde salynýan nagyşlar özboluşlylygy, aýratynam gelinleriň milli eşikleri, kürteleri has owadanlygy bilen tapawutlanýar.
Başyna kürte atynan gelinleri, elýaka köýnekli, akgaýma tahýaly ýigitleri, milli nagyşlar sünnälenip keşdelenen keteni köýnekli gyzlary göreniňde milli keşdeçilik sungatyna bolan buýsanjyň has-da artýar.
Jeýhun GELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.