Milli Liderimiziň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary lukmançylyk ylmynyň esasy gollanmasyna öwrüldi. Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrüldi.
Bu neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär. Häzirki döwürde käbir dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ähmiýeti ylmy lukmançylykda ykrar edildi. Bu şeýle-de bolmaly, çünki her bir janly ýaşaýyş ösümlik dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr.
Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we bejermek adamzadyň asyrlarboýy arzuwlap gelen islegidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki kitaplary ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmagyň ugurlaryny salgy bermek bilen, keselleri bejermekde, öňüni almakda bar bolan mümkinçilikleri çuňňur açyp görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.
Şu ýyl hem Gahryman Arkadagymyz oktýabr aýynda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik ylmy işiniň 13-nji jildini halkymyza ýetirdi.
Bu neşir ösümlik atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügini we dermanlyk çig mal ýygnamagyň senenamasyny öz içine alýar. Kitabyň sahypalary türkmen tebigatynyň baýlygy we gözelligi hakda gürrüň berýän suratlar bilen bezelipdir. Döwlet Baştutanymyz okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýä lukmançylyk ylmyny, aýratynda derman senagaty pudagyny ösdürmekde uly orun eýeleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, uzak ömür, sagdyn ýaşaýyş, ilkinji nobatda, daşky gurşawa baglydyr, adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny täze belentliklere çykaran Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy wagyzçysydyr. Türkmen ýaşlaryna, galyberse-de uludan-kiçi hemmelere sagdyn durmuş babatda nusgalyk görelde görkezýän milli Liderimiz ilatymyzyň sagdyn iýmitlenmegi, sagdyn bolmagy babatda irginsiz alada edýär. Şonuň netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdi we ýylyň-ýylyna täze saglygy goraýyş merkezleri ulanmaga berilýär.
Ynsan saglygyny goramak baradaky alada ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Watanymyz tutuş dünýäde sagdynlygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi.
Gylyçmyrat ORAZMUHAMMEDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.