Katarda dowam edýän 10-njy FIFA Arap Kubogy ýaryşynda Alžir ýarym finalda Katary 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň 59-njy minutynda Jameleddin Benlamri afrikalylary öňe saýlady. Oýnuň 90+7-nji minutynda Muntari hasaby deňledi. Duşuşygyň 117-nji minutynda Muhamed Belaili ilki bellenen penalti urgusyny dürs urup bilmedi. Ol yzyna gaýdan topy täzeden urup, toparyna ýeňiş getirdi. Muhamed Belaili geçiren şol golundan soň klubsuz galdy. Ol Kataryň “Katar FK” klubunda çykyş edýärdi. Klub oýunçynyň şertnamasynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Bu wakadan soň Belaili: “Men Katar FK-de ýatda galyjy günleri başdan geçirdim. Klubuň janköýerlerine, ýolbaşçylaryna hemmä sagbolsun aýdýaryn. Men mundan soň erkin oýunçy” diýip, beýanat berdi. Ol 2020-nji ýylda bu topara transfer bolupdy.

FIFA Arap Kubogynyň finalynda Alžir bilen Tunisiň ýygyndysy duşuşar. Tunis ýarym finalda Müsüri 1-0 hasabynda ýeňipdi. Final duşuşygy 18-nji dekabrda oýnalar.

Mälim bolşy ýaly şeýle waka 2002-nji ýylda-da bolupdy. Koreýa we Ýaponiýada geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşynyň 1/8 finalynda Italiýa esasy wagty 1-1 gutaran oýunda Žun-hwan Annyň 117-nji minutynda geçiren golundan soň ýaryşdan çykypdy. Şol wagtlar Serie A-nyň Perujjia toparynda oýnaýan Žun-Hwan Annyň klubundaky şertnamasy ýatyrylyp, koreýaly futbolçy klubsuz galypdy.