20-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen tarapyndan – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik,  söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleriň has hem işjeňleşdirilmegi üçin ähmiýetli şertlere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigi we ýokary derejä çykarylýandygy bellenilip geçildi. Mundan başga-da, toparyň Nur-Soltan we Aşgabat şäherlerinde geçirilen ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklarynyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Taraplar şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup çykyş edýän medeni we ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynyň, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça özara hereketleriň ösdürilmeginiň zerurlygyny beýan etdiler.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Önjeýli gepleşikleriň barşynda häzirki hereket edýän sanitar kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, eksport-import amallarynyň artdyrylmagy hem-de özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanynyň, göwrüminiň giňeldilmegi boýunça ylalaşylan geljekki çäreleriň ýygjam durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.