5-nji ýan­war­da ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan «CES 2022» ser­gi­sin­de elekt­ron en­jam­la­ry­nyň ýüz­ler­çe gör­nü­şi ta­nyş­dy­ryl­dy. Bu ýer­de mo­bil en­jam­lar, öý-ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, aw­tou­lag­lar, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, awia­si­ýa we kos­mos pu­da­gy­na de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­lar köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa se­bäp­li ýa­ty­ry­lan ser­gi bu ýyl on­laýn hem-de ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­ýär. Şu gün öz işi­ni ta­mam­la­ýan ser­gi­de gör­ke­zi­len kä­bir tä­ze­lik­le­ri dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Köp ýyl­lar­dan bä­ri öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa önüm­le­ri sa­tu­wa çy­kar­ma­gy bi­len bel­li bo­lan «So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy QD-OLED at­ly ek­ra­ny bo­lan te­le­wi­zo­ry gör­kez­di. Bu ek­ran teh­no­lo­gi­ýa­sy ýag­ty­ly­gy art­dyr­ýar. Te­le­wi­zor­da ula­ny­lan teh­no­lo­gi­ýa ma­wy ýag­ty­ly­gyň bir bö­le­gi­ni gy­zyl hem-de ýa­şyl reň­ke öwür­ýär. Bu bol­sa, ek­ra­nyň ýag­ty­ly­gy­ny 200 gö­te­ri­me çen­li art­dyr­ýar. Te­le­wi­zo­ryň ba­ha­sy mä­lim edil­me­di.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa «PlayS­ta­ti­on»-iň hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­ni çy­ka­ran­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Çip we mik­rop­ro­ses­so­ra gy­zyk­lan­ma art­dy
Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýa­rym­ge­çi­ri­ji ön­dü­ri­ji­le­ri hem tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ber­di­ler. Ge­çen ýyl dün­ýä­de eme­le ge­len çip ýet­mez­çi­li­gi bu önüm­le­re gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. AMD kom­pa­ni­ýa­sy «Ry­zen 6000» maş­ga­la­sy­na de­giş­li mik­rop­ro­ses­so­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Ýan komp­ýu­ter­ler üçin iş­le­nip taý­ýar­la­nan 6 na­no­metr­lik bu önüm ýo­ka­ry tiz­li­gi üp­jün eder.
Şeý­le hem «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy «3070 Ti» we «3080 Ti» at­ly gra­fik mik­rop­ro­ses­sor­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy «S21» se­ri­ýa­sy­na el­ýe­ter­li gör­nü­şi bo­lan «S21FE» te­le­fo­ny­ny gör­kez­di. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa dün­ýä­niň il­kin­ji 4K du­ru­ly­gyn­da­ky oýun ek­ra­ny­ny hem ön­dü­rip­dir.
ABŞ-nyň «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň il­kin­ji sü­rü­ji­siz trak­to­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Soň­ky ýyl­lar­da eke­ran­çy­lyk­da aw­to­mat­laş­dyr­mak we ro­bot­laş­dyr­mak teh­no­lo­gi­ýa­sy­na has köp üns be­ril­ýär. Dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren trak­to­ry GPS, ka­me­ra we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­lip­dir.
Dür­li öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýän LG kom­pa­ni­ýa­sy go­laý­da te­le­fon önüm­çi­li­gi­ni bes edip­di. Baş­ga-da bir­nä­çe en­jam ön­dür­ýän ko­reý bren­di «G2 OLED» at­ly te­le­wi­zo­ry­ny gör­kez­di. G2 se­ri­ýa­sy­na de­giş­li te­le­wi­zor­la­ryň ululy­gy 55 hem-de 95 dýuým ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýän dür­li gör­nü­şi bar. Şeý­le hem pan­de­mi­ýa döwründe is­le­g ýo­kar­la­nan ho­wa aras­sa­laý­jy hem ta­nyş­dy­ryl­dy.
Kom­pa­ni­ýa «Vision Om­ni­Pod» at­ly sü­rü­ji­siz ula­gy­ny hem gör­kez­di. Bu ulag ula­ny­jy­sy­ny gö­ni me­ta­wers dün­ýä­si­ne bi­rik­dir­ýär.

Kerkawgeldi BAGABEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.