Hytaýyň Hefeý şäherinde emeli Gün diýlip atlandyrylýan reaktor 70 million derejede 17 minutdan gowrak işledilip rekord goýuldy. Bu tejribäniň ýokary geçirijilikli synag merkezinde (EAST) geçirilendigi habar berildi. Bu täzeçe usul arkaly energiýanyň arassa çeşmelerden alynmagy maksat edinilýär. Geçen ýylyň maý aýynda bu energiýa bekedindäki emeli Gün 101 sekunt işledilipdi. Şol synagda 20 sekuntlap 160 million dereje gyzgynlyk hasaba alnypdy. Bu bolsa, Günden 10 esse gyzgyn diýmegi aňladýar.
Ýangyç hökmünde wodorod we käbir gazlardan peýdalanýandygy we ýylylygy Gündäki ýaly emele getirýändigi üçin bu reaktor emeli Gün diýlip atlandyrylýar. Bilermenler bu usul arkaly energiýa öndürmegiň howany hapalamaýandygyny belleýärler. Sebäbi, munuň üçin gerek bolan wodorod we gaz Ýer ýüzünde ýeterlik mukdarda bar. Ýurtda şeýle beketleriň ýene-de iki sanysy ABŞ-da we Russiýada gurulýar. Koreýa Respublikasy we käbir Ýewropa ýurtlary hem şeýle usul arkaly energiýa öndürmek üçin taslamalar taýýarlaýar.
Gurbanjemal BATYROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.