Germaniýanyň iri awtoulag öndürijileri 2021-nji ýyly gowy netijeler bilen jemlediler. Awtoulag satuwynda BMW kompaniýasy ilkinji gezek «Mercedes»-den öňe geçmegi başardy. Bu iki kompaniýa kaşaň ulag öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda durýar. 2021-nji ýylda BMW 1,7 million awtoulag satypdyr. Bu görkeziji «Mercedes»-iň satan ulaglaryndan 112 müň sany köp bolupdyr. Geçen ýyl ýarymgeçiriji ýetmezçiligi sebäpli awtoulag öndürijiler önümçilik meýilnamasyny belli bir möçberde azaltmaly boldular.
Gülzada ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.