Dünýäniň iň kyn ýaryşlaryndan bolan Dakar Rallisi tamamlandy. 3-nji ýola Saud Arabystanynda geçirilen 44-nji Dakar Rallisinde ýeňil awtoulag görnüşinide katarly Nasser Al-Attiýa (Toyota Gazoo) ýeňiş gazandy. Ol pellehana 38 sagat 33 minut 03 sekunt gelip, karýerasynda 2011-nji 2015-nji we 2019-njy ýyllardan soň 4-nji gezek çempionlyk gazandy. Bahreyn Raid toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Lýob 2-nji, arabystanyly Ýazid Al-Rajhi (Overdrive Toyota) 3-nji orny eýeledi.

Motosiklçileriň arasynda britaniýaly Sem Sanderland 2-nji gezek çempionlyk gazanyp, ol 38 sagat 47 minut 30 sekuntlyk netije görkezdi. Ol 2017-nji ýylda-da çempion bolupdy. Sanderlanddan 3 minut 27 sekunt yza galan Pablo Kuintella 2-nji, ýeňijiden 6 minut 47 sekunt soň pellehanadan geçen awstriýaly Mattias Wolkner (Red Bull KTM) 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýük ulaglarynyň sürüjileriniň arasynda ýene-de Kamaz toparynyň sürüjileri öňdäki 3 orny eýeledi. Russiýaly Dmitriý Sotnikowyň ekipažy bassyr 2-nji çempionlygyny gazanyp, ol watandaşlary we topardaşlary Eduard Nikolaýewden hem-de Anton Şibalowdan öňe saýlandy.

Kuadrasiklçileriň ýaryşynda 6-njy gezek Dakar Rallisinde çykyş eden fransiýaly Aleksandr Žiru çempion bolup, 50 sagat 1 sekuntda pellehana geldi.

Ýeňil prototip ulaglaryna erk edýänleriň arasynda-da çempionlyk çilili Françisko Lopez Kontardonyň tarapynda bolup, ol 2019-njy ýyldan soň ikinji gezek Dakaryň ýeňijisi adyny eýeledi. SSVs görnüşli ulaglaryň sürüjilerinden amerikali Ostin Jonsa taý tapylmady. Ol ispaniýaly Gerard Farresden 2 minut 37 sekunt öň pellehana gelmedi.

Nusgawy ulaglaryň (classic) sürüjileriniň bäsleşiginde-de Toyota Land Cruiser kysymly ulagy bilen fransiýaly Serž Mono ýeňiş gazandy.