Te­bi­ga­tyň baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, ösüm­lik­le­riň seý­rek duş­ýan we ýi­tip bar­ýan gör­nüş­le­ri­niň ös­ýän ýe­ri­ni gi­ňelt­mek, ge­ne­ti­ki fon­du­ny ýi­tir­män sak­la­mak hä­zir­ki dö­wür­de di­ňe bir hal­kyň ýa-da döw­le­tiň öňün­de dur­ýan we­zi­pe däl-de, hal­ka­ra we­zi­pe­si­ne öw­rül­di. Bu me­se­lä ýyl geç­di­gi­çe has köp üns be­ril­ýär. Se­bä­bi yl­myň we teh­ni­ka­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ada­myň öz da­şy­ny gur­şap alan te­bi­ga­ta ed­ýän tä­si­ri has art­ýar. Te­bi­gat özü­ne se­re­sap­ly ga­ral­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Te­bi­gat bi­len gat­na­şyk­da şol mu­kad­des «ser­het­le­riň» bo­zul­maz­ly­gy ze­rur­ly­ga öw­rül­ýär.
Bu jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pe öz ene top­ra­gy­nyň, gö­zel te­bi­ga­ty­nyň we onuň baý­lyk­la­ry­nyň ga­dy­ry­ny bil­ýän äh­li adam­la­ryň mu­kad­des bor­ju­na öw­rül­di. Te­bi­ga­ty we onuň gym­mat­ly baý­lyk­la­ry­ny aýap sak­la­ma­gy ba­şar­ýan nes­li ter­bi­ýe­le­mek ata-ene­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi­le­ri­niň, mek­dep mu­gal­lym­la­ry­nyň pa­ýy­na düş­ýär. Ada­myň öz ýa­şa­ýan te­bi­ga­ty­na ga­raý­şy we gat­na­şy­gy onuň gy­lyk-hä­si­ýe­ti­niň dö­re­ýän wag­ty ke­ma­la gel­ýär.
Ça­ga­ny ýaş­lyk­dan te­bi­gat baý­lyk­la­ry­na go­wy ga­ra­ýyş­ly edip ter­bi­ýe­le­mek üçin oňa söý­gi dö­ret­me­li. Şu mak­sat bi­len okuw­çy­la­ry se­ýil bag­la­ry­na, säh­ra­la­ra, dag­la­ra, te­bi­ga­tyň gö­zel ýer­le­ri­ne ge­ze­len­je çy­ka­ryp, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ne hö­wes dö­ret­me­li. Ba­ýyr­la­ry, dag­la­ry be­zäp otu­ran gü­lä­lek­le­riň, çi­gil­dem­le­riň, jüm­jü­me­le­riň, ot­ja­gaz­la­ryň di­ňe bir gö­zel­li­gi bi­len däl, eý­sem, ýa­kym­ly ys­la­ry bi­len hem adam­la­ry özü­ne çek­ýän­di­gi­ni, äh­li ösüm­lik­le­riň adam üçin peý­da­ly­dy­gy­ny ola­ra gür­rüň ber­me­li. To­mus­da dag jül­ge­le­rin­de bit­ýän ir-iý­miş­le­ri, dag ül­je­si, nar ýa­ly agaç­la­ry gör­kez­me­li, ola­ryň öz­le­ri­ne ir-iý­miş ýyg­nat­ma­ly. Ça­ga­nyň öz­baş­dak ta­pan ýe­ke­je kö­me­le­gi ýa-da bag­dan ýo­lup alan ir-iý­mi­şi ola­ry ter­bi­ýe­le­mek­de dil­den aý­dy­lan köp gür­rüň­ler­den peý­da­ly bol­ýar.
Çaga gül­le­ri su­war­mak, ola­ryň ýap­rak­la­ryn­da­ky to­zan­la­ry sü­pür­mek ýa­ly iş­le­ri tab­şyr­ma­ly. Bu­la­ryň hem­me­si­niň ça­ga­nyň te­bi­gat bi­len gat­na­şy­gy­ny je­bis­leş­dir­mek­de, ösüm­lik­le­re, haý­wan­la­ra söý­gi dö­re­me­gin­de uly äh­mi­ýe­ti bar. Okuw­çy­la­ryň gy­zyk­ly ki­tap­la­ry köp oka­ma­gy­ny ga­zan­mak olar­da te­bi­ga­ta söý­gi dö­ret­me­giň ýe­ne bir ze­rur ta­ra­py­dyr. Okuw­çy­lar ýag­şy­lyk we ýa­man­lyk di­ýen dü­şün­je­le­re ga­ty duý­gur bol­ýar­lar. Oka­ýan ki­tap­la­ryn­da­ky gah­ry­man­la­ryň hä­si­ýet­le­ri, he­re­ket­le­ri ça­ga­da düýp­li tä­sir gal­dyr­ýar.
Okuw­çy­lar bi­len haý­sy-da bol­sa bir eki­ni eke­ni­miz­de şol işi öz­baş­dak ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi okuw­çy­nyň özü­ne ynan­ma­ly. Şon­da okuw­çy­da zäh­me­te hem-de özü­niň eken şol ösüm­li­gi­ne söý­gi dö­re­ýär.
Is­le sa­pak­da, is­le sa­pak­dan da­şa­ry ge­çi­ril­ýän iş­ler­de, ta­pa­wu­dy ýok, ça­ga­la­ra te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da mek­dep­de be­ril­ýän ter­bi­ýe, öý­de ata-ene­si­niň ber­ýän ter­bi­ýe­si bi­len saz­la­şyk­ly bo­lup, bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­me­li­dir. Mek­dep­de ça­ga­la­ra ösüm­lik­le­ri aýap sak­la­ma­ly­dy­gy, te­bi­ga­tyň bi­ziň gym­mat­ly baý­ly­gy­myz­dy­gy öw­re­dil­se, öý­de ata-ene­si hem üs­tü­ni ýe­ti­rip dur­sa ça­ga go­wy ter­bi­ýe alyp bi­ler.
Ça­ga ýaş­lyk­dan te­bi­ga­tyň baý­lyk­la­ry­ny bi­lip, sa­hy­ly­gy­ny duý­sa, şon­da onuň özi-de re­him­dar, öz ata-ene­si­ne, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na, dost-ýa­ry­na, Wa­ta­ny­na mäh­rem adam bo­lup ýe­ti­şer.

Ha­ýyt­baý Gy­ly­jow,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.