Arheolog W.M.Masson geçiren ylmy derňewleriniň, gazuw-barlag işleriniň netijesinde, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki iň gadymy tohum itleriň biridigini öňe sürýär. Elbetde, bu täze açyş däl, ol öň hem onlarça gezek tassyk edilen hakykat. Ýöne türkmen taryhyny öwrenmekde uly işler bitiren alymyň ylmy garaýyşlary-da alabaýlaryň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Käbir alymlar itleriň bu görnüşiniň öz gözbaşyny Mesopotamiýanyň söweş itlerinden alyp gaýdýandygyny öňe sürýärler. Bilşimiz ýaly, gadymy Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi tapyldy. Bu bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky ýyllary ýatladýar. Alabaýyň öz reňkini Garagum sährasyndan alandygy we onuň suwsuzlyga, tebigatyň ýowuz howa şertlerine, güýçli sowuga we yssa çydamlydygy baradaky maglumatlar ylmy çeşmelerde häli-şindi gabat gelýär. Bu bolsa taryhyň gowgaly jümmüşinde alabaýyň halkymyzyň, at bilen birlikde, iň ýakyn ýoldaşy bolandygy baradaky ylmy garaýyşlary has-da berkidýär. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiz itiň wepadarlygy, rehimliligi barada paýhasly pikirleriň ençemesini döredipdirler. Olary okanyňda, diňe bir itiň özüne däl, eýsem, it ýylyna-da aýratyn ähmiýet berilýändigine göz ýetirmek bolýar. Halkymyz berekedi-bolçulygy, durmuşyň asudalygyny at we it bilen hem baglanyşdyrypdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, olaryň käbirlerini mysal getirsek ýerlikli bolar: «It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar», «It ýyly ek, doňuz ýyly or». «Paýhas çeşmesi» kitabyndan alnan bu mysallardan hem görnüşi ýaly, halkymyzyň durmuşynda itleriň uly ähmiýeti bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle rowaýat getirilýär: «Gojalaryň gep salgysyna görä, Adam ata ýaradylandan soň, şeýtan: «Senden sesi saldamlymyz ýok. Ilk-ä, bar-da, jabjynyp üýr. Soňam topul-da, ýar» diýip, iti küşgürýär. Ýöne Adam atanyň üýşenip, beýleki edip, tüýem tisginmändir. Gaýta: «Görsene muň atylyp gelşini!» diýip, ite garşy ýönelýär. Aňyna-maňyna garaman, mylaýymlyk bilen itiň maňlaýyndan üç öwran sypalaýar. Şondan soň ynsan bilen itiň aýrylmaz dostlugy başlanýar. Käte itiň guduz açan ýaly bolup, ýaryp, üýrmesini onuň şol şeýtandan alan sapagy-ýowuz patasy bilen baglanyşdyrýarlar». Bu rowaýat adamzadyň it bilen dostlugynyň öz gözbaşyny has gadymyýetden alyp gaýdýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen alabaýlary barada has gyzykly taryhy maglumatlara hem duş gelýäris. Onda şeýle setirler bar: «Belli rus itşynasy, halkara derejeli ekspert G.M.Çaryhow 2001-nji ýylda: «Bu itler Türkmenistanyň altyn gaznasy. Olaryň kemala gelmegi – köp arka nesilleriň örän uzaga çeken, hysyrdyly, maksada gönükdirilen işleriniň netijesi. Ähli talaplara laýyk gelýän iti ýetişdirmek örän kyn iş» diýip belleýär. Bu maglumat türkmen kinologlaryna, itşynaslaryna berlen ýokary baha bolup, bu işiň eýýamlaryň, heňňamlaryň dowamynda kämil derejä ýetendigini görkezýär. Gürrüňi edilýän kitapda «Oguznamadan» alnan parçalaryň-da ýerleşdirilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar. «Oguznamada» it barada gyzykly setirler bar. Bir gün ähli janly-jandaryň diline düşünýän Duman han öz itiniň möjekler bilen eden gürrüňini diňläpdir. Möjekler öz aralarynda agşam sürä çozmak barada maslahatlaşypdyrlar. Duman hanyň Gara Burak atly iti olara: «Eger han maňa goýnuň gyzgyn guýruk ýagyny berse, siziň hiç biriňiz ýekeje guza-da penjäňizi uzadyp bilmez ýaly ederdim» diýip, jogap beripdir. Duman han gazanda gaýnap duran guýruk ýagyny alyp, itiň öňüne oklapdyr. Onuň ýanyndaky egindeşleri bu ýagdaýyň sebäbini soranlarynda, ol: «Eger kimdir birine ýagşylyk etjek bolsaň, ilki, itiňden başla, eger it gamgyn bolmasa, biz hem gamgyn bolmarys. Şonuň üçinem itime guýruk berdim» diýip, jogap beripdir. Gije möjekler sürä çozupdyr. Gara Burak goýunlary bir jülgä gabap, ýeke özi möjekler bilen söweşe giripdir. Olaryň sürini parçalamagyna ýol bermändir. Bu rowaýat «Ýag iýýän köpek tüýünden belli» paýhasynda-da öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde beýleki itleriň tohumlary bilen garyşman, asyrlar geçse-de, tohum arassalygyny saklap gelýän türkmen alabaýynyň rehimliligi, agraslylygy barada oýlananymyzda agrasdan salyhatly gojalarymyz ýadymyza düşýär. Alabaýlar, megerem, bu häsiýetlerini özleriniň eýelerinden, ýagny paýhasly, kän gürlemezek gojalarymyzdan alan bolsa gerek. Üstesine-de, alabaýlaryň nerw-degna ulgamy örän berk bolup, olar sähel zat üçin ynjalykdan gaçmaýarlar. Şonuň bilen birlikde-de, olar saýhally, akylly, gaýduwsyz hem-de özüne göwni ýetýän, diýseň rehimli jandarlar bolup, eýelerine wepalylykda köpleri haýrana goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda rehimlilik bilen baglanyşykly şeýle setirler bar: «…Rehimlilik bolsa, ahlak kadalary bilen birlikde, halkymyzyň ruhuna ornandyr. Ol türkmen mentalitetiniň aýrylmaz bir bölegidir». Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerden tapawutlandyrýan esasy häsiýetlerdir. Olaryň bu ajaýyp häsiýetleri barada hem dürli rowaýatlara, aýtgylara, nakyllara duş gelýäris. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda belläp geçişi ýaly, ata-babalarymyz uzak bir ýere gidenlerinde gapylaryna gulp urmandyrlar, çünki olaryň wepaly alabaýlary – goragçylary bolupdyr.
Bilşimiz ýaly, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistandan diňe bir batyrgaý ýigitler däl, eýsem, olaryň wepaly kömekçileri – türkmen alabaýlary hem edermenlik görkezmegi başardylar. Taryhy maglumatlara görä, olaryň 70 müňe golaýy söweş wagtynda ýaralanan esgerleri gowganyň içinden alyp çykmakda ýakyndan kömek beripdirler.
«Türkmen alabaýy» kitaby milli buýsanjymyza öwrülen alabaýyň edebi eserlerde we hakydalarda sünnälenen waspy bolmak bilen birlikde, her bir ynsanyň özünde terbiýelemeli iň asylly häsiýetleriň nämelerden ybaratdygyny hem açyp görkezýär. Bu eser wepalylyk, mertlik, edermenlik, adam tanamaklyk, mahlasy, türkmençilige mahsus aýratyn häsiýetleri beýan edýändigi üçin hem gymmatlydyr. Milli Liderimiz bu kitabynda: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip belleýär.
Kitapda türkmen alabaýlaryna mahsus aýratynlyklaryň, diňe asylly häsiýetleriň gürrüňi gidýär. Asylly häsiýetler bolsa watansöýüji nesli terbiýelemekde esasy gönezlik, hamyrmaýa bolup hyzmat edýär.
Amangeldi Hommakow,
Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.