Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän şu döwründe intellektual eýeçiligiň ähmiýeti has-da artýar. Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik adamyň aňynyň döredijiligini aňladýar. Olara söwda işinde ulanylýan oýlap tapyşlar, edebi we çeper eserler, nyşanlar, atlar, şekiller, nusgalar we beýlekiler degişli bolup durýar.

Ýur­du­myz­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň mil­li ul­ga­my 1993-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýär. 2008-nji ýyl­dan bä­ri bu ugur­da bir­nä­çe tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi hem-de 2013-nji ýyl­da hormatly Prezidentimiziň Ka­ra­ry bi­len In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça döw­let gul­lu­gy­nyň dö­re­dil­me­gi, ýurt­da bu ul­ga­my ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça döw­let gul­lu­gy in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­ge de­giş­li bo­lan oý­lap ta­pyş­la­ry, se­na­gat nus­ga­la­ry­ny, se­lek­si­ýa­nyň ga­za­nan­la­ry­ny, ha­ryt ny­şan­la­ry­ny, hyz­mat ediş ny­şan­la­ry­ny, aw­tor­lyk hu­ku­gy­nyň we ga­ty­şyk hu­kuk­la­ryň ob­ýekt­le­ri­ni hu­kuk taý­dan go­ra­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän do­lan­dy­ryş eda­ra­sy­dyr. Bu gul­luk in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi go­ra­ma­gyň mil­li ul­ga­my­ny dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek, yl­myň, teh­ni­ka­nyň, ede­bi­ýa­tyň we sun­ga­tyň ga­za­nan­la­ry­ny döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ne or­naş­dyr­mak, döw­let we hal­ka­ra de­re­je­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň go­ra­gy­nyň ke­pil­len­di­ril­me­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Bu gul­lu­gyň esa­sy we­zi­pe­si in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň ob­ýekt­le­ri­niň, ýag­ny in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi go­ra­ma­gyň ýe­ke-täk mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek­den we ony do­lan­dyr­mak­dan, döw­let bel­li­ge al­nan se­na­gat eýe­çi­li­gi­niň ob­ýekt­le­ri üçin go­rag res­mi­na­ma­la­ry­ny (pa­tent­le­ri we şa­ha­dat­na­ma­la­ry) ber­mek­den, döw­let pa­tent-mag­lu­mat bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­den, aw­tor­lyk we ga­ty­şyk hu­kuk­la­ry­nyň ob­ýekt­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak­dan, in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi go­ra­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem-de he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak­dan yba­rat­dyr. Se­na­gat eýe­çi­li­gi­niň, ýag­ny oý­lap ta­pyş­lar, se­na­gat nus­ga­la­ry, ha­ryt ny­şan­la­ry we hyz­mat ediş ny­şan­la­ry, ha­ryt­la­ryň ge­lip çy­kan ýe­ri­niň at­la­ry, ösüm­lik­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri we mal­la­ryň tä­ze to­hum­la­ry bo­ýun­ça döw­let sel­jer­me­si hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýär.
Türk­me­nis­tan­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi go­ra­ma­gyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we beý­le­ki ka­nun­la­ry­na esas­lan­ýar. De­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan, in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň des­ga­la­ryn­da ýu­ri­dik we şah­sy ta­rap­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýan hu­kuk düz­gün­le­rin­den yba­rat­dyr. In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň mil­li ul­ga­my­nyň he­re­ket ed­ýän döw­rün­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­bat­da ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ba­bat­da­ky 12 sa­ny hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­nyň we yla­la­şyk­la­ryň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. In­tel­lek­tu­al Eýe­çi­li­giň Bü­tin­dün­ýä Gu­ra­ma­sy in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň de­ňe­çer we ne­ti­je­li hal­ka­ra ul­ga­my­nyň kö­me­gi ar­ka­ly äh­li ýurt­la­ry yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len tä­ze­çil dö­re­di­ji­li­ge gol­daw ber­ýär. In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň äh­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man ra­ýat do­la­ny­şy­gyn­da gün­sa­ýyn art­ýan­dy­gy se­bäp­li, bu gat­na­şyk­lar bar­ha çyl­şy­rym­laş­ýar we yk­dy­sa­dy do­la­ny­şyk­da onuň dür­li gör­nüş­le­ri ýü­ze çyk­ýar.
In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­ýän hal­ka­ra şert­na­ma­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy mak­sa­dy dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da 40 il­çi­ha­na­sy, kon­sul­lyk­la­ry we he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­la­ry he­re­ket ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da bol­sa, he­mi­şe­lik esas­da 36 il­çi­ha­na, kon­sul­lyk­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry­nyň 15-si iş­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki iş­jeň­li­gi we dip­lo­ma­tik we­kil­çi­li­gi ýyl­sa­ýyn gi­ňe­ýär. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti­miz 151 ýurt bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 47-si­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Şol bir wagt­da Türk­me­nis­tan 150-den gow­rak hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ra, şert­na­ma­la­ra we beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gat­naş­ýar. Hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Döw­le­ti­miz bu gu­ra­ma bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­ga ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, hu­su­san-da, In­tel­lek­tu­al Eýe­çi­li­giň Bü­tin­dün­ýä Gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da bu ul­gam­da­ky ka­nun­çy­ly­gy hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe iş­ler do­wam ed­ýär we dün­ýä­de se­na­gat eýe­çi­li­gi­niň ob­ýekt­le­ri­niň hu­kuk go­ra­gy bo­ýun­ça kä­mil tej­ri­be­ler top­la­nyp, dur­nuk­ly ýag­da­ýa eýe bo­lan ka­da­ly düz­gün­ler he­re­ke­te gi­ri­zil­ýär.

Gül­se­nem HOM­MA­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym-öw­re­ni­ji­si.