Ir za­man­lar süm­me to­kaý­ly­gyň bir kün­jün­de tow­şan maş­ga­la­sy şa­dy­ýan dur­muş­da ýa­şa­ýan eken. Bu jü­büt­le­riň üç ça­ga­sy bar eken. Tow­şan­jyk­lar wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çi­rer eken­ler, olar uzak­ly gün ýer­tu­da­na bi­len iý­mit­le­nip­dir­ler. Ene tow­şan kä­şir­den üýt­ge­şik ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ýan hem bol­sa, ola­ryň ja­ny­na ýer­tu­da­na­dan baş­ga zat hoş ýak­man­dyr. Ene tow­şan çeb­şe­jik­le­re ga­ty uza­ga git­mez­li­gi berk tab­şyr­sa-da, olar bu söz­le­re pi­ti­wa hem et­män­dir­ler. Gün­le­riň bir gü­ni kör­pe tow­şan beý­le­ki iki do­ga­ny­na ga­rap:
– Do­gan­lar, ýö­rüň, to­ka­ýa gi­de­liň, to­kaý­da ýer­tu­da­na köp! – di­ýip­dir. Do­gan­lar he­der et­se­ler-de, ýer­tu­da­na sö­zü­ni eşi­de­nin­den soň ene­le­ri­niň tab­şy­ry­gy­ny unu­dyp­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, tow­şan­jyk­lar süm­me to­ka­ýa si­ňip­dir­ler. Olar şol ba­ryş­la­ry­na to­kaý­da ýa­şa­ýan dür­li mör-mö­jek­le­ri, guş­la­ry gö­rüp, gö­wün­le­ri gö­te­ri­lip­dir.
– Ge­liň, şo ýe­re gi­de­liň! – di­ýip, kör­pe tow­şan do­gan­la­ry­na gy­gy­ryp­dyr. Ola­ryň hem­me­si onuň diý­ýän ýe­ri­ne ba­ran­la­ryn­da göz­le­ri­ne ynan­man­dyr­lar. Ol ýer­de has üýt­ge­şik, has uly we süý­ji ýer­tu­da­na­lar bar eken. Do­gan­lar mu­ňa öz ýan­la­ryn­dan mon­ça bo­lup­dyr­lar. Ýer­tu­da­na­lar şeý­le bir ma­za­ly eken we­lin, olar hat­da, bu ýer­de he­mi­şe­lik gal­ma­gyň hem ala­da­sy­ny edip ug­rap­dyr­lar. Olar ýer­tu­da­na­lar­dan ga­ryn­la­ry­ny ota­ryp ýö­rüş­le­ri­ne, Gü­nüň ba­typ, ga­raň­ky gat­ly­şa­ny­ny hem duý­man ga­lyp­dyr­lar.
– In­di öýü­mi­ze do­la­na­lyň, öý­dä­ki­ler gaý­gy ed­ýän­dir­ler – di­ýip, kör­pe tow­şan dil­le­nip­dir. Olar öýe ta­rap ýö­ne­len­le­rin­de aza­şan­dyk­la­ry­na göz ýe­ti­rip, ag­lap baş­lap­dyr­lar. Ola­ryň se­si­ni sy­çan­jyk­dyr ken­gu­ru eşi­dip, yl­ga­şyp ge­lip­dir­ler. Tow­şan­jyk­lar ke­miş-ke­miş edip:
– Siz bi­ze ýol gör­ke­zip bil­mer­si­ňiz­mi? – di­ýip, na­ýyn­jar ses­le­nip­dir­ler.
Sy­çan­jyk we ken­gu­ru:
– El­bet­de, biz si­zi öýü­ňi­ze çen­li ýo­la sa­la­rys, ala­da et­mäň! – di­ýip, ola­ry kö­şeş­di­rip­dir.
Olar ýol­da bar­ýar­ka­lar dost­la­şyp­dyr­lar. Öý­le­ri­ne ýe­ten­le­rin­de tow­şan­lar tä­ze dost­la­ry­na ho­şal­lyk bil­di­rip­dir­ler.
Kör­pe tow­şan goý­be­ren ýal­ňy­şy­na ökü­nip, ulu­la­ryň sö­zün­den çyk­man­dyr. Şol gün­den soň tow­şan­jyk­lar, sy­çan­jyk we ken­gu­ru bi­len bi­le­lik­de to­ka­ýa ýer­tu­da­na iý­mä­ge gi­dip­dir­ler. Ene tow­şan hem ola­ra kä­şir­li kö­ke bi­şi­rip, olar bi­len bir­lik­de to­ka­ýa gi­dip­dir.
Unutmaň, ulynyň diýenini etmedik uwlar!