Soňky 5 duşuşygynda diňe 1 gezek ýeňiş gazanan, üstesine-de, Çempionlar Ligasynda PSŽ-den juda pes oýun bilen utulan Real Madrid toparynyň italiýaly tälimçisi Karlo Ançelottiniň klubdaky gelejegi sowal astynda. Klubuň prezidenti Florentino Perez toparyň oýnundan hoşal däl. Bu barada “Sport” gazeti habar berýär. Perez Ançelottiniň ornuna Liwerpulyň nemes tälimçisi Ýurgen Kloppy tälimçilige bellemek isleýär. Täze möwsümde has güýçli topar döretmekçi bolýan Perez Ançelottiden has häzirki zaman futbolyny oýnadýan tälimçi isleýändigi habarda bellenilýär. Hatda Pereziň Mbappe bilen Holanny transfer etmek isleýändigini, ýöne olaryň Ançelottiden has häzirki zaman futbolyny oýnadýan tälimçi bilen işleşmek isleýändikleri aýdylýar. 2015-nji ýylda Liwerpulyň tälimçisi bolan Kloppuň 2024-nji ýyla çenli şertnamasy bar.

La Ligada Sewilýadan 4 utuk öňde barýan Real Madridiň tälimçisi Karlo Ançelotti Ýewropanyň TOP 5 ligasynyň 4-sinde çempionlyk gazanan ýeke-täk tälimçidir. Onuň bu kolleksiýasynda häzirlikçe La Liganyň çempionlygy ýok bolup, tejribeli tälimçiniň ony-da gazanmak üçin mümkinçiligi bar.