UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň çäginde Atletiko Madrid bilen Mançester Ýunaýted duşuşdy. Gyzykly geçen oýunda ýeňiş gazanan bolman, duşuşyk 1-1 deňlikde tamamlandy. Oýnuň 7-nji minutynda Žoao Feliks tapawutlanyp, 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri UÇL-däki ilkinji goluny geçirdi. Duşuşykda hasaby deňlän goly 80-nji minutda Antoni Elanga öz adyna ýazdyrdy. 75-nji minutda oýna giren 19 ýaşly futbolçy ilkinji topa galtaşmasynda hasaby deňlemegi başardy. Bu gol Mançester Ýunaýtediň UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşyndaky 500-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Mançester Ýunaýted 500 gol geçiren 4-nji topar bolup, ondan öň diňe Real Madride (1001 gol), Bawariýa (760 gol) hem-de Barselona (624 gol) klublary bar.