Dün­ýä­niň iň meş­hur şag­la­wu­gy ABŞ bi­len Ka­na­da­nyň ser­he­din­de ýer­leş­ýän Nia­ga­ra şag­la­wu­gy ha­sap­lan­ýar. Iň be­ýik şag­la­wuk bol­sa, We­ne­sue­la­da­ky An­hel şag­la­wu­gy­dyr. Bu şag­la­wuk tö­we­re­gin­dä­ki baý ekoul­ga­my bi­len syýahatçylary özü­ne çek­ýär. We­ne­sue­la­nyň Bo­li­war şta­tyn­da­ky Ka­naý­ma mil­li se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän, tö­tän­le­ýin ta­py­lan An­hel şag­la­wugyna ony açan adamyň ady dakylýar. Dün­ýä­dä­ki iň be­ýik şag­la­wuk bo­lan An­hel şag­la­wu­gy ba­ra­da bir­nä­çe gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň üçin jem­le­dik!
Ýer­leş­ýän ýe­ri. 260 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da­ky Çu­ron der­ýa­sy­nyň ug­run­da­ky şag­la­wuk 979 metr be­lent­lik­den aşak­ly­gy­na ak­ýar. Au­ýan-Te­pui at­ly dag ger­şin­den aşak­ly­gy­na gu­ýul­ýan şag­la­wu­gy tu­tuş­ly­gy­na gör­mek üçin oňa has uzak­dan se­ret­me­li bol­ýar.
Açyş. Ame­ri­ka­ly pi­lot Jeýms An­hel 1937-nji ýyl­da bir mo­tor­ly uça­ry do­lan­dy­ryp bar­ýar­ka bir­den nä­saz­lyk se­bäp­li We­ne­sue­la­da to­ka­ýyň jüm­mü­şin­de gon­ma­ga mej­bur bol­ýar. Ol maş­ga­la­sy we üç dos­ty bi­len ha­las ediş mer­ke­zi­ne bar­ýar­ka­ bu tä­sin şag­la­wu­gy gör­ýär­. Soň­ra bu şag­la­wu­ga uçar­ma­nyň hor­ma­ty­na onuň ady da­kyl­ýar. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji ge­zek 1939-njy ýyl­da We­ne­sue­la­nyň kar­ta­syn­da onuň ýe­ri gör­ke­zil­ýär. Şag­la­wuk to­kaý­da ýa­şa­ýan ýer­li ­ýa­şaý­jy­la­ra ozal­dan mä­lim bo­lup, ýer­li­ler ony «Ke­re­pa­ku­pai-Me­ru» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar.
Jan­ly te­bi­ga­ty. Bu be­ýik tä­sin şag­la­wu­gyň tö­we­re­gin­de guş­la­ryň 500-den gow­rak, or­hi­de­ýa maş­ga­la­sy­na de­giş­li gül­le­riň 500-den gow­rak gör­nüşi, şeý­le hem maý­myn­lar, gur­ba­ga­lar, dür­li mör-mö­jek­ler­dir ga­ryn­ja­lar, kir­pi­ler, pu­ma­lar, baş­ga-da bir­nä­çe janly-jandarlar we ösüm­likler ga­bat gel­ýär.
Su­wy. An­hel şag­la­wu­gy­ny gör­mek is­le­ýän­le­re maý bi­len no­ýabr ara­ly­gyn­da git­mek mas­la­hat be­ril­ýär. De­kabr-ap­rel aý­la­ryn­da bar­lan­da ýö­ne­keý be­lent bir da­gy gö­rüp bol­ýar. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa bu dö­wür­de ýa­gyn ep-es­li aza­lyp, tem­pe­ra­tu­ra ýo­kar­lan­ýar. Şeý­le ýag­daý­da şag­la­wuk­dan ak­ýan suw he­niz ýe­re ýet­män­kä bu­gar­ýar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu şag­la­wuk ba­ra­da dür­li film­ler su­ra­ta dü­şü­ril­di. 2009-njy ýyl­da­ky «Dis­ney»-iň «Ýo­ka­ry» (Up) at­ly ani­ma­si­on fil­min­dä­ki «Pa­ra­di­se Falls» şar­la­wuk­la­ry An­hel şag­la­wu­gyn­dan yl­ham alyp­dyr. 1990-njy ýyl­da­ky «Arachnop­ho­bia» we 2015-nji ýyl­da dü­şü­ri­len «Point Break» film­le­rin­de hem An­hel şag­la­wu­gy bar.