Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli bahar — Halkara Nowruz baýramynda umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserler, halk oýunlary, bereketli türkmen topragy, myhmansöýer halky, toý saçagynyň bezegi bolan milli tagamlary we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Nowruzyň taryhy gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Belli arheologlaryň we taryhçy alymlaryň ylmy gözlegleri Türkmenistanyň gadymy Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý, Hindistan bilen bir hatarda gadymy medeniýetleriň mekany, ösen siwilizasiýalaryň biri bolandygyny subut etdi. Häzirki döwürde munuň özi dünýä derejesinde ykrar edilen hakykatdyr. Ata-babalarymyz irki asyrlardan bäri Nowruz baýramyny täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan bu taryhy baýram watandaşlarymyzy belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Taryhyň ähli döwürlerinde Nowruz baýramynyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň we özara arabaglanyşygyň has-da kämilleşmegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly täsin däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyr. Milli däp-dessuryna sarpa goýýan, Watanyna buýsanýan döwletli diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenip geçilýän milli baýramlaryň biri bolup durýan Nowruz baýramy milli mirasymyzyň köpöwüşgünliligini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna bagyşlanan halkara festiwallarynyň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň, Medeniýet günleriniň we beýleki forumlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy ruhy baýlyklarymyzy dünýä wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri ata-babalarymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly döreden däp-dessurlaryny dowam etdirmäge, olary pederlerimiziň ruhuna ygrarlylykda berjaý etmäge we geljek nesillere miras galdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda alyp barýan pähim-parasada ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň miweleridir. Çünki gadymy Nowruz baýramy bilen bagly däpler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halklarynyň döreden naýbaşy ruhy baýlyklarynyň biridir.

Bu günki gün ata-babalarymyzyň ýurt ýerliginde, olaryň yhlasynyň myrat bolan ilinde — eziz Watanymyzda Nowruz baýramynyň şowhuny äleme ýaň salýar. Nowruzyň tebigat bilen baglylygy ony adamzat gymmatlygyna öwürýär. Bu baýramçylyk özara dostlugy pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen jebisleşdiriji häsiýete eýedir. Ol halklary birleşdirip, olaryň taryhy kökleriniň we medeni gözbaşlarynyň umumylygyny beýan etmek bilen bir hatarda, halklaryň hormat goýýan ruhy gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Nowruzyň halkara we medeni ähmiýetini onuň adamzadyň gowy ahlak häsiýetlerini, ýürek buýsanjyny özünde jemlemegi bilen häsiýetlendirilýär. Bitaraplyk taglymatyna ygrarlylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hem-de ynsanperwerlik türkmen halkynyň gadymy taryhyndan öz gözbaşyny alýan esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, Nowruz baýramynyň halkara derejesine eýe bolmagy, dünýä bileleşigini parahatçylygyň we ynsanperwerligiň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Köpöwüşginli halk medeniýetiniň aýnasy bolup, agzybirligi, dostlukly gatnaşyklary, ynsanperwerligi has-da kämilleşdirýän, tebigat bilen mähirli gatnaşykda ýaşamagy, sagdyn durmuş endiklerini giňden wagyz edýän Halkara Nowruz baýramy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramyny Gündogar halklarynyň aglabasy belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu baýramçylyk 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda Halkara Nowruz baýramy diýlip yglan edildi. Bu çözgütler türkmen halky tarapyndan uly gyzyklanma, şatlyk hem buýsanç bilen kabul edildi. Halkara derejesine eýe bolan bu baýramçylygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her birinde yzygiderlilikde bellemek ýola goýuldy.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýakynlaşmagyň möhüm guraly hasaplaýar. Konsepsiýada bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu ugurda alyp barýan syýasatyny “Medeniýetiň üsti bilen gatnaşyk” atly şygar esasynda kesgitleýär. Ähli döwürleriň milliliginiň, däpleriniň, ruhy buýsanjynyň aýdymly, tansly beýany hökmünde küştdepdi Nowruzda hem dabaralaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli ýörelgelerimizi özünde saklaýan, Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän küştdepdi, şahyrana döredijilik sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri bolup durýar. Alym Arkadagymyz öz eserlerinde hem bu gadymy tansyň halkymyzyň bagtyýarlyk döwründäki ruhy dünýäsinde tutýan ornuna ýokary baha berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. “Küştdepdi” tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi – idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär.” 1 diýip jaýdar nygtaýar. 2017-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO tarapyndan küştdepdi aýdym we saz sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dost-doganlygy wasp etmekde, watançylygy terbiýelemekde, ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda nobatdaky ädim boldy. Umuman, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň taryhyny düýpli öwrenmäge, olary wagyz etmäge, halkymyzyň ajaýyp toý-baýramçylyklaryny şatlyk-şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilik döredilýär. Munuň özi döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň subutnamasy bolup durýar. Nowruz türkmen milli baýramy bolmak bilen, halkyň gadymy dünýägaraýyşlarynyň iň gowy däplerini özüne siňdirip galypdyr. Dünýäniň onlarça ýurdunda dabaraly bellenilýän Nowruz baýramy adamzadyň medeni mirasynyň umumylygyny we bitewiligini, onuň köp asyrlyk däplerini şöhlelendirýär.

Ogulsuraý Gödekowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy