Gü­nor­ta Hy­taý deň­zi­niň Ton­kin aý­la­gyn­dan Wýet­na­myň gün­do­gar ke­na­ry­na çyk­ýan aý­la­g Ha­long diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ha­long aý­la­gy dik daş sü­tün­le­ri bi­len köp­le­ri özü­ne çek­ýär. Aý­lag­da 3 müň­den gow­rak ada, şeý­le hem ki­çi ga­ýa­lar we go­wak­lar bar. Onuň meý­da­ny 1553 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, ýe­rüs­ti we su­was­ty baý­lyk­la­ry hem baý bio­dür­lü­li­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, Ha­long aý­la­gyn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ilat ýa­şap­dyr. Bu ýer­de de­ňiz ke­na­ryn­da duş gel­ýän, he­mi­şe gök öw­süp otur­ýan to­kaý­lyk­lar bar. Aý­lag­da en­de­mi­ki ösüm­lik­le­riň 14, en­de­mi­ki jan­dar­la­ryň 60 gör­nü­şi duş gel­ýär.
Ha­long «Až­dar­ha­nyň deň­ze inen ýe­ri» diý­me­gi aň­lad­ýar. Aý­lag­da­ky köp ada dik we ki­çi bo­lup, olar ýa­şa­mak üçin amat­syz ha­sap­lan­ýar. Hut şol ada­lar te­bi­gy gö­zel­li­gi dö­red­ýär­ler. Has uly ada­lar­da bol­sa, oba­lar we şä­her­ler ýer­leş­ýär. Aý­la­gyň iň köp şä­her­le­şen ada­sy Tu­an­çau ha­sap­lan­ýar. Kat­ba ada­sy bol­sa, aý­la­gyň iň uly ada­sy­dyr. Ada­nyň meý­da­ny­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy 1986-njy ýyl­da Mil­li se­ýil­gäh diý­lip yg­lan edil­di. Şeý­le­lik­de, ol ýer­dä­ki ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si go­ra­lyp sak­lan­ýar. Ada­da bir­nä­çe köl, der­ýa, şag­la­wuk we ke­nar­ýa­ka mer­jen ga­ýa­la­ry bar. Bu ada­da Grot, Gyz­lar we As­man köş­gi at­ly go­wak­lar bar. Grot ter­ji­me edi­len­de, dep­rek diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu go­wak şe­ma­lyň öwüs­ýän wag­tyn­da dep­rek kakylandaky ýa­ly ses çy­kar­ýar.
Tro­pi­ki gu­şak­lyk­da ýer­leş­ýän Ha­long ada­syn­da iki pa­syl bol­ýar – ýa­gyn­ly we gu­rak. Ýy­lyň ýa­gyn­ly döw­rün­de ho­wa ys­sy, gu­rak döw­rün­de so­wug­rak bol­ýar. Or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­sy 15-25 de­re­je­de bol­ýan bu ada­da ýyl­da 2000-2200 mil­li­metr ýa­gyş ýag­ýar.
Bu ýer­de 1600-den gow­rak adam su­wuň ýü­zün­de ýer­leş­di­ri­len sü­tün­le­riň üs­tün­de gur­lan öý­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Ba­lyk­çy oba ha­sap­lan­ýan aý­lag­da Kya­wan, Ba­hang, Kong­tau we Wong­weng oba­la­ry bar.
Ha­long aý­la­gy 1994-nji ýyl­da ÝUNES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.