UEFA Çempionlar Ligasynda soňky çempion Çelsi myhmançylykda Lill toparyndan 2-1 üstün çykyp, 11-nji gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy. 38-nji minutda Lill topary türkiýeli hüjümçisi Burak Ýylmazyň penalti goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Bu goldan soň Burak Ýylmaz (36 ýaş 244 gün) UÇL-niň pleý-off tapgyrynda tapawutlanan iň ýaşuly 3-nji futbolçy boldy (R. Giggs 37 ýaş 148 gün, P. Maldini 36 ýaş 333 gün). Ýöne Çelsi 1-nji ýarym tamamlanmanka, has takygy, 45+3-nji minutda Kristian Pulişiçiň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. 2-nji ýarymda-da, ýagny 71-nji minutda Sezar Azpilikueta tapawutlanyp, londonlylary çärýek finala çykaran futbolçy boldy. Bu ýeňiş Çelsiniň tälimçisi Tomas Tuhel UÇL-däki ilkinji 50 oýunda 32-nji ýeňşi bolup, ol bu ugurda Zinedin Zidandan (31 ýeňiş) öňe geçdi. Bu babatda iň ýokary görkeziji 47 oýunda 32 gezek ýeňiş gazanan Ýupp Haýnkese degişlidir.