Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde tokaý zolaklaryny döretmek üçin bezeg we tokaý agaçlarynyň dürli görnüşleriniň nahallaryny hem-de gülleri ýeterlik möçberde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Milli tokaý maksatnamasynyň çygrynda her ýyl millionlarça düýp nahal ekilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi adamzadyň durmuşynda aýratyn wajyp hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ekilen baglaryň bu künjegiň topragyna durnukly görnüşleriniň seçilip alynmagy, şunda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmegi işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.
Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär, munuň adamlaryň saglygyna oňyn täsiri uludyr.
Şol bir wagtyň özünde miweli baglaryň ekilmegi ýurdumyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, ter miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýär. Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilýän möwsüminde saýaly we gyrymsy baglar bilen bir hatarda, miweli baglaryň, üzümiň ekilmegi zerur hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereklerinde tokaý zolaklary kemala gelýär. Şunda ylmyň gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ykdysady babatda hem ekologiýa babatda hem örän bähbitlidir.
Soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi netijesinde, onlarça million düýp baglary özünde jemleýän tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňedi. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde tokaý zolaklary emele geldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta künjegi gür baglyga bürendi.
Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.
Türkmeniň kalby ýaly giň tebigat, hakykatdan-da, jadylaýjy, ruhuňy galkyndyryjy güýje eýedir. Sähralaryň täsin gözelligi, onuň goýnunda ösüp ýetişýän ösümlikler halkymyzyň bereket bolçulygynyň gözbaşy hasaplanýar.
Watanymyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgähleriniň çäkleriniň giňeldilmegi adam üçin oňaýly howanyň emele gelmegini üpjün edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek baradaky maksatnama – munuň özi bütin adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda umumydünýä işine saldamly goşantdyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň wajyp meseleleri durýar. Daşky gurşawdaky tebigy deňagramlylygy saklamazdan, şeýle maksada ýetmek mümkin däl. Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu möhüm resminamada köp mukdarda agaç nahallarynyň ekilip, tokaý zolaklarynyň giň gerimde döredilmegi bellenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakda giň mümkinçilikler açylýar.
Her ýylda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi däbe öwrüldi. Bu asylly iş 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde oturdylýan bag nahallarynyň sany 30 milliona çenli artdyryldy.
Parahat GURBANMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.