Häzirki wagtda gözleg saýty diýlende ilki bilen «Google» ýadyňa düşýär. Şeýle-de bolsa, «Yandex», «Bing», «Info», «Alhea», «Goodsearch» ýaly 20-den gowrak gözleg saýty bar. «Google» ilki döredilen wagty bolsa, «Ask Jeeves», «AltaVista», «Yahoo Search» we «Archive» ýaly bäsdeşleri bar eken.
«Google» kompaniýasy Stenford uniwersitetinde bilim alýan Lerri Peýj we Sergeý Brin tarapyndan doktorantura işi hökmünde taýýarlanan ylmy işiň netijesinde döredildi. Olar 1996-njy ýylyň ýanwar aýynda bu taslamany durmuşa geçirmegiň aladasyny edip başladylar. «Google» beýleki gözleg saýtlaryndan tapawutlylykda ýazylan sözüň haýsydyr bir saýtda näçe gezek gaýtalanýandygyna görä däl-de, onuň ulanyjysynyň sanyna baglylykda sanaw çykarýar. Kompaniýanyň ady 100 nolly sanyň ady bolan «googol» sözünden döredilipdir. Bu bolsa, gözleg saýtynda maglumatlaryň çäksizdigini alamatlandyrýar. Saýt açylandan birnäçe aýdan soňra 60 milliondan gowrak sahypany öz sanawyna girizýär. «Alexa Internet»-iň maglumatyna görä, «Google» dünýäde iň köp ulanylýan saýt hasaplanýar. Kompaniýanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda 114 müňden gowrak işgäri bar.
«Google» elektron poçta hyzmaty «Gmail»-i 2004-nji ýylyň aprelinde ulanyşa girizdi. Birnäçe ugurlarda iş alyp barýan kompaniýa 2015-nji ýylda adyny «Alphabet» diýip üýtgedýär. Şeýle-de bolsa, gözleg saýtynyň ady öňküligine galýar. Kompaniýa «Amazon», «Apple», «Meta» we «Microsoft» bilen bilelikde bäş sany iri amerikan tehnologiýa brendiniň hataryna girýär.
Aýjemal Gapurowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.