Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Said Seýidow bellendi. Meşhur tälimçä Kamil Mingazow, Begenç Garaýew hem-de derwezeçileriň tälimçis Pawel Matus ýardam berer. Tejribeli tälimçi Said Seýidow mundan ozal, ýurdumyzyň “Büzmeýin”, “Galkan”, “Nisa”, “Köpetdag”, “Aşgabat”, “Ahal”, şol sanda Özbegistanyň “Nawbahor”, “Şurtan”, “Akademiýa Maşýal”, “Nasaf”, “Buhara” ýaly klublara tälim berdi.

Ýygyndymyzyň täze tälimçisiniň ilkinji resmi duşuşyklary 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde bolar.

Milli ýygyndymyz saýlama tapgyrynda “E” toparçada Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ählisi-de Malaýziýada oýnalar. Duşuşyklar iýun aýynda geçiriler.