2-nji aprelde sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.
Deputatlar gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda», «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga hem-de gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga goşulmak hakynda», «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Mundan başga-da, deputatlar «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Şeýle hem deputatlaryň öňünde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ý.Gurbannazarowa çykyş edip, ol alnyp barlan işler barada habar berdi.
«Adalatçyny saýlamak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň taslamasy maslahatda garalan möhüm meseleleriň biri boldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň işi dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ynsanperwer ulgamdaky halkara borçnamalaryna kybap gelýän hem-de Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlygynyň üpjün edilmegini kepillendirýän degişli kanun bilen düzgünleşdirilýär.
“Adalatçy hakynda” Kanuna laýyklykda, deputatlaryň garamagyna üç dalaşgär hödürlenildi. Maslahata gatnaşyjylar gizlin ses bermek arkaly bu wezipä Ý.Gurbannazarowany saýladylar.
Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy hakynda» kararynyň taslamasyna garaldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.