Gyşky transfer möwsüminde Fransiýanyň çempiony “Lill” toparyndan Russiýanyň SSKA Moskwa toparyna transfer bolan türkiýeli ýarymgoragçy Ýuzuf Ýazyjy täze klubunda rekord goýmagyny dowam edýär. Ol Russiýanyň “Premýer Ligasynda” oýnan ilkinji 6 duşuşygynda hem tapawutlanmagy başardy. 25 ýaşyndaky futbolçy Russiýanyň “Premýer Ligasynda” ilkinji 6 duşuşygynda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ýazyjy şol 6 duşuşykda jemi 8 gol geçirdi. Fewral we mart aýlarynda “Premýer Liganyň” oýunçysy saýlanan Ýazyjy toparynyň “Spartak” (1), “Nižniý Nowgorod” (1), “Lokomotiw” (1), “Rubin” (3), “Ural” (1) hem-de “Himki” bilen bolan duşuşyklarynda tapawutlandy. Ol SSKA-nyň “Rubini” 6-1 ýeňen oýnunda het-trik etmegi hem başardy.