Dubaý şäherinde “Geljegiň muzeýi” ady bilen täsin bina açyldy. Ýedi gatly bu binanyň içinde hiç hili direg goýulmandyr. Bezeg işlerinde ýüz tarapy arap kalligrafiýasy bilen bezelen poslamaýan polat materiallar ulanyldy. Bu ajaýyp binanyň 30 müň inedördül metrini ylym-bilim ulgamyna degişli merkez eýeleýär. Muzeý geljekde ýurduň ylmy-tehniki ekoulgamynda hem möhüm rol oýnar. Muzeý innowasiýa we ösüş üçin möhüm bolan adamzat swilizasiýasynyň arasynda dürli maksatly duşuşyklary geçirmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Muzeýde ýerleşdirilen ekspozisiýalaryň bir bölegi 2071-nji ýyla bagyşlanan, çünki şol ýylda BAE-niň döremegine 100 ýyl dolýar. Bu muzeýiň beýleki muzeýlerden tapawutly aýratynlygy-da onda geçmiş taryh däl-de, geljek suratlandyrylýar. Bu bolsa muzeýdäki ekspozisiýalary üýtgedip durmaklyga getirýär. Bu ýagdaýy muzeýiň degişli hünärmenleri buýsanç bilen gürrüň berýärler.
Muzeýiň her gaty aýratyn bir tema bagyşlanypdyr. Mysal üçin, ekoulgamlary, kosmosy öwrenmäge, bioinženerçilige, saglygy goraýyşa, ylym-bilime, kämil tehnologiýalara bagyşlanandyr. Şeýle hem muzeýde robototehnika, emeli intellekte uly üns berilýär. Şular bilen birlikde muzeýde transporta, akylly şäherlere bagyşlanan gözleg laboratoriýalaryna hem orun berlipdir.
Ýakup Nuryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby