Ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, şo­nuň bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­ta­nyň tas­syk­lan hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ryn­dan­dyr kon­wen­si­ýa­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýar. To­kaý­la­ry ot­dan go­ra­mak­lyk äh­li adam­la­ryň bor­jy bo­lup dur­ýar. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­gy ýa-da adam eli bi­len dö­re­di­len to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da ýa­nyp bil­ýän­di­gi­ni unut­ma­ly däl­di­ris. To­kaý ýan­gy­ny örän howp­lu­dyr. To­mus pas­lyn­dan öň to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ryn­da ýan­gyn­la­ryň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan ka­rar­lar ka­bul edi­lip, şol ka­rar­lar esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy bi­len bi­le­lik­de ýö­ri­te me­ýil­na­ma dü­zü­lip, Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­rin­den dü­zü­len to­par­lar bi­len bi­le­lik­de ýan­gyn sön­düri­ji aw­tou­lag­lar no­bat­çy­lyk çe­kip, gö­zeg­çi­lik iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. To­kaý ýan­gyn­la­ry köp­lenç sön­dü­ril­me­dik ot­dan, taş­la­nan çi­lim­den, ot­lu­çöp ga­lyn­dy­syn­dan, ot ýa­kyl­ma­gyn­dan, aý­na bö­lek­le­ri­ne Gün şöh­le­si­niň düş­me­ginden dö­re­ýär. Şol se­bäp­li to­kaý se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň çäk­le­rin­de, şä­he­riň dynç alyş mer­kez­le­rin­de, de­mir ýol­la­ryň ug­run­da, öri meý­dan­lar­da gu­ran ot­la­ry ýak­mak ga­da­gan­dyr. Ys­sy ho­wa­ly gün­le­riň gel­me­gi bi­len, öri meý­dan­la­ryň ot­la­ry gu­rap, ýan­gyn ha­dy­sa­la­ry­nyň ýü­ze çyk­mak how­py dö­re­ýär. Şol se­bäp­li meý­dan­lar­da ot ýa­ky­lan­da bi­per­waý­ly­ga ýol be­ril­me­li däl­dir. Ot ýa­kyl­maz­dan öň, on bäş metr daş-tö­we­re­gi ot-çöp­ler­den aras­sa­lap, ýa­rym metr çuň­luk­da ga­zy­lan oý ýer taý­ýar­lan­ma­ly. Ot­dan peý­da­la­nyp bo­lan­dan soň, ony gum sü­rüp ýa-da suw se­pip, do­ly sön­dür­me­li. Gu­ran ot-çöp­le­riň üs­tün­den aw­tou­lag sür­len­de, tüs­se­çy­ka­ryň uç­gun­la­ry­nyň çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýan­gyn ha­dy­sa­sy­nyň dö­re­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Öri meý­dan­la­ry­nyň, de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ryn­da dä­ne­li ekin­ler ýa-da üzüm agaç­la­ry bar bo­lan daý­han bir­le­şik­le­ri şo­la­ryň daş-tö­we­re­gin­de ini on metr­den az bol­ma­dyk çäk­de sü­rüm iş­le­ri­ni ge­çir­me­li. Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň go­rag des­ga­la­ry­nyň her gap­da­ly­nyň üç metr ýe­ri, te­le­fon, tok hem-de beý­le­ki ul­gam­la­ryň sim­le­ri çe­ki­len sü­tün­le­riň bäş metr daş-tö­we­re­gi, şo­nuň ýa­ly hem ser­het ga­la­sy­nyň hem-de beý­le­ki bi­na­dyr des­ga­la­ryň el­li metr daş-tö­we­re­gi gu­ran ot-çöp­ler­den aras­sa­lan­ma­ly. De­mir ýol­la­ryň, ga­ra ýol­la­ryň ýa­ka­la­ryn­da­ky ýer­ler­de dört metr in­li­lik­de ýan­gy­na gar­şy ara­çäk­ler sü­rül­me­li hem-de ça­py­lyp aý­ryl­ýan ot­la­ry şol ýer­den otuz metr daş­lyk­da üý­şür­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Öri meý­dan­la­ryn­da dür­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan geo­lo­gi­ýa-göz­leg eks­pe­di­si­ýa­la­ry­nyň wagt­la­ýyn ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň otuz metr daş-tö­we­re­gi gu­ran ot-çöp­ler­den aras­sa­lan­ma­ly.

Gel­di­mäm­met Re­je­pow,
Aş­ga­bat şä­her Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­lyk bö­lü­mi­niň 100-nji har­by­laş­dy­ry­lan ýan­gyn howp­suz­lyk bö­lü­mi­niň mü­di­ri­niň iş­gär­ler bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry, içer­ki gul­lu­gyň ka­pi­ta­ny.