Täze geçirilen barlaglaryň biri adamyň bir maksadynyň bolmagynyň stresiň öňüni alýandygyny ýüze çykardy. Londonyň Uniwersitet kollejiniň hünärmenleri durmuşda haýsydyr bir maksadyň bolmagynyň ýa-da durmuşdaky manyny duýmagyň saglyga peýdalydygyny anykladylar. Barlag dünýäniň dürli ýurtlarynda 62 müň 250 adamda geçirilipdir. Alymlar bu netijä gelmek üçin ozal çap edilen sekiz makaladaky subutnamalary seljeripdirler. Netijede, ýatkeşlik, dil we pikirleniş ukybynyň ýaşyň gaýdyşmagy bilen azalmaýandygy ýüze çykaryldy. Alymlar ähli subutnamalaryň durmuşda bir maksadyň bolmagynyň gaýgydan halas bolmaga peýdasynyň degýändigini aýdýarlar.
Meret BÄŞOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.