Çeň­ňek. Alym­lar nä­mä­niň ha­çan oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin ýa şol za­dyň ga­dy­my nus­ga­sy­nyň ha­çan ýa­sa­lan­dy­gy­ny hi­mi­ki usul arkaly öw­ren­ýär­ler, ýa-da şol ba­ra­da ýa­zy­lan mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­ýar­lar. Em­ma ýa­zu­wyň, ýag­ny hat ýa­zyp, bel­lik et­me­giň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gyn­dan ozal dö­re­di­len zat­lar hem az däl. Bu bol­sa, hat peý­da bol­maz­dan ozal ula­ny­lan gu­ra­lyň nä­me mak­sat bi­len dö­re­di­len­di­gi­ni öw­ren­me­gi kyn­laş­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ar­heo­log­lar sak­la­nyp ga­lan gu­ral­la­ry bir­leş­di­rip ýa-da baş­ga ýer­ler­den ta­py­lan meň­zeş nus­ga­la­ry­ny de­ňeş­di­rip, ola­ryň nä­me mak­sat bi­len ula­ny­lan­dy­gy­ny çak­la­ma­ga sy­na­nyş­ýar­lar. Şeý­le gu­ral­la­ryň bi­ri bolan çeň­ňek alym­la­ryň pi­ki­ri­çe adam­za­dyň ösü­şin­e uly go­şant go­şup­dyr.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji çeň­ňek­ler mi­la­dy­dan 35 müň ýyl ozal peý­da bo­lup­dyr. Bu bol­sa me­tal­lar­dan gu­ral ýa­sa­lyp baş­la­nan dö­wür­den hem ir. Şeý­le bo­lan­soň il­kin­ji çeň­ňek­ler süňk, jan­dar­la­ryň şa­hy, agaç ýa­ly berk we te­bi­gy ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sa­lyp­dyr. Adamlar çeň­ňe­ge ötü­ri­len dür­li iým­ler ar­ka­ly dü­zü­min­de pro­te­in we ýag muk­da­ry köp bo­lan ba­lyk­la­ry tu­tupdyrlar. Il­ki­baş­da­ky çeň­ňek­ler has ýön­tem bolup, çalt zaýalanýan eken. Agaç çeň­ňek­ler suw­da çüm­me­ýän­di­gi üçin az ula­ny­lsa-da, su­wuň ýü­zü­ne go­laý ýa­şa­ýan ba­lyk­la­ry tut­mak­da has amat­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Şo­nuň üçin agaç­dan ýa­sa­lan çeň­ňek­ler ge­çen asy­ryň 60-njy ýyl­la­ry­na çen­li ula­ny­lyp­dyr.
Çeň­ňek adam­zat ta­ry­hyn­da ýe­ter­lik muk­dar­da tä­ze iý­mit çeş­me­si­ni tap­mak­da esa­sy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr. De­ňiz­den ýa-da der­ýanyň, kölüň süý­ji suwun­dan ba­lyk tut­mak köp zäh­met we wagt ta­lap et­me­ýär. Bu bol­sa, ba­lyk­çy­ly­gyň ir­ki dö­wür­ler­de ös­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr.