Her ýyl 5-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi giňden belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Türk­men hal­ky özü­niň baý me­de­ni mi­ra­sy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne öz go­şan­dy­ny my­na­syp de­re­je­de go­şan mil­let­dir. Gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­ge eýe bo­lan ene top­ra­gy­myz özü­niň te­bi­ga­ty bi­len gö­re­ni haý­ran ed­ýär. Çog­ly gü­ne­şi, go­ja­man dag­la­ry, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­nal­ýan ga­dy­my hem mü­di­mi türk­men top­ra­gy­nyň şeý­le aja­ýyp we tä­sin­lik­le­re baý ýer­le­ri­niň bi­ri hem ýur­du­my­zyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Köý­ten­dag­dyr.
Go­ja­man Köý­ten­da­gy etek­läp otu­ran Ho­jaý­pil oba­syn­da ýer­le­şen ta­ry­hy-ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­ler türk­men te­bi­ga­ty­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy­dyr. Gö­zel Köý­ten­dag ba­ra­da söz açy­lan­da il­ki bi­len göz öňüň­de jan­lan­ýan keşp, el­bet­de, de­ňiz de­re­je­sin­den tak­my­nan 1300-1600 metr ýo­kar­da ýer­leş­ýän Ho­jaý­pil oba­sy­dyr. 1980-nji ýyl­da ta­py­lan di­no­zawr­la­ryň yz­la­ry dün­ýä ta­ryh­çy­la­ry­nyň we ar­heo­log­la­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ýer­li ilat bol­sa ola­ry Is­gen­der Zül­kar­neý­niň pil­le­ri­niň yz­la­ry di­ýip pi­kir edip­dir­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu aýak yz­la­ry­nyň ulu­ly­gy 65-70 san­ti­met­re ýe­tip, ädi­mi­niň do­ly uzyn­ly­gy 200-220 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lup­dyr. Bu ýer­de je­mi 400-den gow­rak aýak yz­la­ry­nyň bar­dy­gy alym­lar ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyl­dy.
Türk­men te­bi­ga­ty­nyň bu kün­je­gi di­ňe bir di­no­zawr­la­ryň aýak yz­la­ry bi­len meş­hur bol­man, eý­sem, Köý­ten­dag özü­niň Türk­me­nis­tan­da iň be­ýik no­ka­dy Aý­ry­ba­ba de­pe­si (3139 metr), 27 metr be­len­tlik­den gaýd­ýan Um­bar de­re şag­la­wu­gy, Köý­ten oba­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky ga­dy­my uly çy­nar aga­jy, 500 ýaş­ly ar­ça aga­jy, Gap-go­tan we Kyrk­gyz go­wak­la­ry, ga­ly­ber­se-de ýe­ras­ty go­wak­la­ry bi­len hem bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr. Ýe­ras­ty go­wak­lar özü­niň owa­dan­ly­gy, uzyn­ly­gy bi­len te­bi­ga­ty­my­zyň gaý­ta­lan­ma­jak öz­bo­luş­ly­ly­gy­dyr. Gap-go­tan go­wa­gy­nyň uzyn­ly­gy 56 ki­lo­met­re deň bo­lup, ol dün­ýä­de iň uzyn go­wak­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ady ag­za­lan go­wak­lar öz­le­ri­niň sta­lak­tit­le­ri, sta­lag­mit­le­ri (go­wa­gyň ýo­kar­syn­dan ba­şa­şak sal­lan­ýan mi­ne­ral­lar), sta­lag­nat­la­ry, daş­lar­dan eme­le ge­len şe­kil­le­ri we gym­mat ba­ha­ly mer­mer oniks­le­ri (açyk we go­ýy reňk­de) bi­len ýe­ras­ty yma­rat­la­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Go­wak aja­ýyp te­bi­gy eme­le gel­me­si bo­ýun­ça GDA döw­let­le­ri­niň ara­syn­da Kun­gur we Krym go­wak­la­ryn­dan soň üçün­ji ýe­ri eýe­le­ýär. Bu ýer­de türk­men te­bi­ga­tyn­da eme­le ge­len gö­zel­lik­ler, tä­sin gal­dyr­jak aja­ýyp şe­kil­ler eme­le ge­lip­dir. Bu gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­ga­tyň tä­sin­li­gi­ni bol­sa, bu ýe­re ge­len her bir adam öz göz­le­ri bi­len gö­rüp bi­ler.
Mun­dan baş­ga-da, Köý­ten­da­gyň iň bir tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri-de Gar­lyk şä­her­çe­si­dir. Bu ýer­de ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­riň tu­tuş top­lu­my bar. Bü­tin dün­ýä­de mä­lim bo­lan, hä­zir­ki wagt­da yl­my taý­dan öw­re­nil­ýän «Köý­ten kör gö­le­si» ady bi­len ta­nal­ýan ba­ly­gy hem bu ýer­de gör­mek bol­ýar. Tä­sin ta­ra­py bol­sa, bu göz­süz we en­da­my ýyl­ma­nak­dan şöh­le­li ba­lyk­lar dün­ýä­niň baş­ga hiç ýe­rin­de ga­bat gel­me­ýär. Bu tä­sin ba­lyk­lar sü­ri-sü­ri bo­lup, su­wuň 4-5 metr aşa­gyn­da ýa­şa­ýar­lar. Ba­lyk­la­ryň umu­my je­mi 150-ä go­laý bo­lup, olar Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir.
Go­ja­man Köý­ten­da­ga ga­dam ba­san her bir adam bu aja­ýyp kün­je­giň gaý­ta­lan­ma­jak, öz­bo­luş­ly te­bi­gy gö­zel­li­gi­ni, bür­gü­diň ga­na­ty de­ýin ýaý­ylyp ýa­tan ýaý­la­la­ry­ny, üm­zü­gi as­ma­na sa­ry uza­ýan ke­rem­li dag­la­ry­ny, syr­lar äle­mi­ni özün­de giz­län tä­sin go­wak­la­ry­ny, dag­la­ryň göw­sü­ni par­ran ýa­ryp, akyp ýa­tan te­reň çeş­me­le­ri­ni gö­rüp ben­di bol­ýar. Bu aja­ýyp tä­sin­lik­ler bol­sa gö­ren­le­ri ýe­ne bu gö­zel­lik­le­ri gör­mä­ge ça­gyr­ýar.

Ba­tyr ILA­MA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by