Bagtyýar türk­men hal­ky bu gün be­ýik akyl­dar, şi­rin dil­li söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan za­ma­na­syn­da – ber­ka­rar döw­let­de ýa­şa­mak bi­len, nus­ga­wy şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne, ede­bi mi­ra­sy­na uly sar­pa goý­ýar. 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­me­gi hem mu­ňa my­sal bo­lup bil­ýär.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň dür­li dil­le­re ter­ji­me edil­me­gi, dür­li ýurt­lar­da ýa­dy­gär­li­gi­niň di­kel­dil­me­gi, ede­bi mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi üçin hem uly ta­gal­la edil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2014-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 290 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­di. Onuň çä­gin­de «Mag­tym­gu­ly – kö­ňül­le­riň küý­se­gi» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty gu­ral­dy.

Ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da şa­hy­ryň dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na, onuň eý­ýa­my­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len köp san­ly çä­re­ler, şeý­le hem tä­ze yl­my bar­lag­lar, türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň eser­le­ri­niň dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň kö­pü­si­niň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň buý­san­jy bo­lan be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň şah­sy­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, şa­hy­ryň dog­duk me­ka­nyn­da, onuň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýän et­ra­byn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň hem-de mu­ze­ýiň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.
Şa­hy­ryň öň­ki ýu­bi­leý toý­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly giň göw­rüm­li wa­ka­la­ra ser sa­la­ny­myz­da be­ýik iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň. Häzire çenli Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, onuň baý mirasyna sarpanyň alamaty bolan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iş­le­r edildi. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň Mag­tym­gu­ly­nyň 290 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni bel­läp geç­mek ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryn­dan soň, 2012-nji ýy­lda türk­me­niň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 290 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­lap, Ba­ku şä­he­rin­de hal­ka­ra yl­my–ama­ly mas­la­ha­ty ge­çiri­ldi. Bu hal­ka­ra yl­my–ama­ly mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry hem gat­naş­dy. Azer­baý­jan­ly do­gan­la­ry­myz Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300-den gow­rak goş­gu­sy­ny azer­baý­jan di­li­ne ge­çi­rip, ki­tap ne­şir et­di­ler.
2012-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Аrap Еmir­lik­le­rin­de Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ryna ba­gyş­lap, yl­my–ama­ly mas­la­hat ge­çi­ri­lip, Py­ra­gy­nyň 300-e ýa­kyn goş­gu­sy­ny arap dilin­de ki­tap edilip çy­kar­y­ldy. Bir­le­şen Аrap Еmir­lik­le­rin­de ge­çi­ri­len yl­my–ama­ly mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň alym­la­ryn­dan dü­zü­len döw­let to­pa­ry hem gat­naş­dy.
Hä­zi­re çen­li Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry azer­baý­jan, arap, er­me­ni, pars, ga­zak, iň­lis, is­pan, ne­mes, hy­taý, ko­reý, be­la­rus, tä­jik, gru­zin, ýa­pon, ru­myn, uk­ra­in, öz­bek, gyr­gyz, türk, rus ýaly dün­ýä­niň ýig­ri­mi­den gow­rak dili­ne ter­ji­me edi­lip, dürli halklaryň giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Tür­ki dil­li halk­la­ryň me­de­ni–ru­hy bir­le­şi­gi bo­lan TÜRK­SOÝ hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Ka­ra­ry bi­len 2014-nji ýyl Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Be­ýik akyl­da­ry­myzyň heý­ke­li bolsa dün­ýä­niň 30-a go­laý ýur­dun­da owadan seýilgähleri, belent binalaryň öňüni bezeýär. Bu bol­sa dün­ýä­niň türk­men akyl­da­ry­na goý­ýan uly hor­ma­ty­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Gün­do­ga­ryň gör­nük­li şa­hyr-fi­lo­so­fy, türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy 2024-nji ýyl­da bel­le­ni­ler. Hä­zir­ki wagt­da bu ýu­bi­le­ýe taý­ýar­lyk iş­le­ri eý­ýäm baş­lan­dy. Bu Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň ge­ri­mi we onuň türk­me­niň ru­hy dur­mu­şyn­da­ky or­ny bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Çün­ki şa­hyr he­mi­şe türkmeniň pi­kir­le­ri­ni we umyt-ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, pä­him-paý­ha­syň we ýo­ka­ry ah­la­gyň nus­ga­sy sa­ýy­lyp­dyr. Wa­tan söý­gü­si­ne, ag­zy­bir­li­ge we do­gan­ly­ga ça­gy­ryş ed­ýän türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň şa­hy­ra­na se­tir­le­rin­de be­ýan edil­ýän çuň­ňur pi­kir­ler di­ňe bir türk­me­niň ýü­re­gin­de däl, eý­sem, beý­le­ki halk­la­ryň we­kil­le­rin­de-de ýaň­lan­ýar.
2024-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň şan­ly se­ne­si my­na­sy­bet­li bir­nä­çe çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hu­su­san-da, bü­tin adam­za­dyň al­tyn gen­ji-ha­zy­na­sy­na gi­ren Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý ede­bi mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mek we dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, XVIII asy­ryň meş­hur akyl­dar şa­hy­ry­nyň öm­rü­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­ny­lan ýö­ri­te in­ter­net-por­ta­ly­ny dö­ret­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Be­ýik şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ne me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler onuň iň baý ede­bi mi­ra­sy­ny has çuň­ňur öw­re­nil­me­gi­ne we giň­den ýaý­ra­ma­gy­na go­şant go­şar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­ňe türk­men ede­bi­ýa­ty­na däl, eý­sem, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na hem go­şant go­şan aja­ýyp söz us­sa­dy­dyr.
Şeý­le hem il­kin­ji ge­zek hä­zir­ki za­ma­nyň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň üs­ti bi­len şa­hy­ra de­giş­li äh­li mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýän «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy en­sik­lo­pe­di­ýa­sy­ny» dö­ret­mek, san­ly we ne­şir gör­nü­şin­dä­ki «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­wa­ny­ny» taý­ýar­la­mak, türk­men şa­hy­ry­nyň şy­gyr­la­ry­ny dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me et­mek hem-de ola­ryň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­ny, ki­tap ser­gi­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek, yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­di.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da akyl­dar şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de öw­ren­me­gi hem-de wa­gyz et­me­gi ýo­la goý­mak mak­sat edi­nil­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len 2024-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Onuň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ge­çi­ril­me­gi şa­hyr-fi­lo­so­fyň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de öw­ren­mä­ge we ýaý­rat­ma­ga tä­ze iter­gi be­rer.
Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ru­hy ha­zy­na­sy­ny çe­per söz bi­len baý­laş­dy­ran Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si mil­li­lik­den, umu­ma­dam­za­dyň ýa­şa­ýyş me­de­ni­ýe­ti­ne da­hyl­ly pi­kir­ler­e baý. Geç­mi­şi hem gel­je­gi çe­per söz bi­len bag­la­nyş­dy­ran söz us­sa­dy öz döw­rü­ni hem aýdyň şöhlelendiripdir. Şa­hyr jem­gy­ýet­çi­li­giň aňy­nyň bir gör­nü­şi bo­lan ylym bi­len önüm­çi­li­giň bag­la­ny­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen za­ma­na­syn­da ýa­şan, dö­re­den şah­sy­ýet. Py­ra­gy öz dö­re­di­ji­li­gin­de döw­rüň, dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry­na ýüz­le­nip­dir. Döw­rüň, jem­gy­ýe­tiň keş­bi­ni çe­per usul­da açyp gör­ke­zip­dir. Kä­mil jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi üçin ýurt­da ada­la­tyň, ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň ze­rur­ly­gy­ny nyg­tap, jem­gy­ýet­de her bir ada­myň ah­lak taý­dan sag­dyn bol­ma­ly­dy­gy­ny us­sat­lyk bi­len be­ýan edip­dir.
Pa­ra­sat äle­mi­niň älem­go­şa­ry­na öw­rü­lip, türk­men ede­bi­ýa­ty­ny halk dur­mu­şy bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, jem­gy­ýet­çi­lik maz­mun bi­len gi­ňel­den be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy kal­by­nyň şa­hy­ra­na owa­zy­ny ta­raş­lap, mi­ras galdyrypdyr.

Al­tyn Dur­dy­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Daý­han­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Amal­la­ra gö­zeg­çi­lik we ma­li­ýe mo­ni­to­rin­gi bö­lü­mi­niň baş hü­när­me­ni.