Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” çempion “Real Madrid” öz meýdançasynda “Lewanteni” kabul etdi. Madridlileriň artykmaçlygynda geçen oýunda “Real” 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda gollary Forlan Mendi (13), Karim Benzema (19), hem-de Rodrigo (34), beýleki 3-sini bolsa Winisius Junior (45, 68, 83) geçirdi. Toparyň 2-nji goluny geçiren Karim Benzema “Realdaky” 323-nji goluny derwezä girizip, ol Rauldan öňe saýlandy we klubuň iň netijeli 2-nji futbolçysy boldy. Şeýle-de duşuşykda Luka Modriç 3 goluň pasyny berdi.

Bu ýeňlişden soň “Lewante” şu möwsümde “La Ligadan” aşaky liga düşen ilkinji klub boldy. Walensiýa şäheriniň wekili 5 ýyldan soň täzeden 2-nji liga dolanar.