Agzybirlik türkmeniň aslyndan gaýdyp, onuň maşgala ahlagyna we medeniýetine mäkäm ornaşandyr. Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlilik edip, ylalaşyk gazanmak agzybir gatnaşyklaryň esasy aýratynlyklarydyr. Agzybir maşgalalardan düzülen jemgyýet sagdyn jemgyýetdir. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň gülläp ösmeginiň iň esasy şertidir.
Türkmeniň maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan miras galan mertlik, namysjaňlyk, nesilden-nesle geçip gelen edeplilik, mylaýymlyk, asyllylyk, wepalylyk ýörelgeleri bar.
Ata Watanymyzda milli ýörelgelere eýerýän häzirki zaman maşgala ojagynyň berk bolmagynda, eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralmagynda ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň maşgala kodeksiniň, Türkmenistanyň raýat kodeksiniň ähmiýeti uludyr.
Maşgala – döwletiň bir ülşi. Edil döwletde bolşy ýaly, onuň hem hojalyk ýolbaşçysy, agzalary, býujeti, edebi, ýaşaýyş kadasy bolýar. Şeýlelikde, maşgalalar, hojalyklar toplanyp bitewi döwleti emele getirýär. Şol kiçi hojalyklar, maşgalalar sagdyn, agzybir, berk bolanda, döwlet hem öz gezeginde kuwwatly bolýar. Ine, şonuň üçin hem maşgala agzybirligi, goraglylygy döwlet hukuknamalarynda, Baş Kanunymyzda – Konstitusiýamyzda berkidilýär, maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar.
Maşgalalar hem-de hojalyklar döwletiň goşa ganaty bolup, milletiň başarnygynyň, sowatlylyk derejesiniň, aň-düşünjesiniň, agzybirliginiň, ýaşaýyş derejesiniň ölçeg çelgileridir. Maşgala döwletiň ykdysady, durmuş, bilim, ruhy we maddy derejesiniň görkezijisidir. Döwleti ösdürmek üçin ilki bilen sagdyn, kämil maşgalany kemala getirmeli.
Beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän türkmen zenanlary maşgala ojagynyň mukaddesligini, çaga terbiýesiniň mähribanlygyny biziň günlerimize ýetiripdirler. Maşgala ojagynyň mukaddesligi öz gözbaşyny enä, ata we maşgaladaky uly ýaşlylara goýulýan hormatdan, halal zähmetden hem-de halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetlerinden alyp gaýdýar.
Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalany örän berk, jebis, agzybir, bagtly maşgala edýän şertleriň biri hem, elbetde, perzentdir. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişlerine, daş-töweregindäkilere, ilkinji nobatda bolsa, ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär. Şu pikirden ugur alsak, jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä baglydyr. «Eklemek borçdyr, çörek bermek borçdyr, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdyr» diýen pähime eýerilýän türkmen maşgalasynda çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdygy ykrar edilýär. Her bir maşgalanyň agzybirligini, abadançylygyny gorap saklamak, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli, başarjaň, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak öňümizde durýan wajyp wezipedir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Şonuň üçin hem ýaş neslimizi ata-babalarymyzyň bize miras goýan belent adamkärçilik kadalaryna, ahlak gözelligine daýanyp, päk kalply, Watanyna, halkyna wepaly adamlar edip terbiýelemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilen esasy tagallalarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda maşgala binýadynyň berkidilmegine, çaga terbiýesiniň kämil bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen atlar dakylýar. Şol ada mynasyp bolan enelere bolsa döwletimiz tarapyndan birnäçe ýeňillikler berilýär. Maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygyny, raýatlaryň ýaşy boýunça näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygyny, ýaş we köp çagaly maşgalalara, weteranlara, döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara goşmaça goldawyň we ýeňillikleriň berilýändigini kadalaşdyrýan maddalar Esasy Kanunymyzyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny alamatlandyrýar.
Maşgala gymmatlyklaryny sarpalap, türkmen jemgyýetiniň agzybir, abadan, jebis bolmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Gülruh Haljanowa,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.