Adamzat taryhynda ilkinji ýazuw dürli geometrik şekiller arkaly beýan edilipdir. Ilkinji şekiller daş ýa-da hek bilen agaçlaryň, gaýalaryň ýüzüne çyzylyp hem-de oýulyp ýazylypdyr. Bu ilkinji ýazuw endikleri bolup, aň-düşünjäniň ösmegi bilen ýazuw esbaplary kämilleşip başlaýar. Şeýlelikde, birek-birek bilen habarlaşmak üçin hat oýlanylyp tapylýar. Hat ýazmak üçin bolsa, ýazylanda yz galdyrýan haýsydyr bir serişdäniň zerurlygy ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, galam oýlanyp tapylýar.
Takmynan, 1560-njy ýylda italýan neçjarlary (agaç ussasy) Simonion we Lindiana Bernakotti tarapyndan galamyň ilkinji görnüşi oýlanyp tapylýar. Olar arça agajynyň içi boş taýajygynyň içine gara reňk ýerleşdirip, ilkinji galamy döredipdirler. Köp wagt geçmänkä has ýokary tär ulanyp, deň ikä kesilen agajyň içini dik oýup, oňa grafiti ýerleşdirensoňlar ýarym bölekleri biri-birine ýelmäpdirler. Bu oýlanyp tapylan täze usul bolup, häzirki günlere çenli şeýle usul ulanylýar. Grafit mineraly ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada ýüze çykarylýar. Eliňde oňaýly durmagy üçin ilki-ilkiler grafit taýajyklaryň daşyna deri saralypdyr. 1662-nji ýylda Germaniýanyň Nýurenberg şäherinde grafit külkesinden grafit taýajygynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylan görnüşiniň oýlanyp tapylmagy bilen, galamyň önümçiligi artyp başlaýar.
1775-nji ýylda fransiýaly Nikola Žak Konte agaçdan galamyň inçe görnüşini, ýagny grafit garyndysynyň iki taýajygyň içinde ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Žak Konte 1795-nji ýylda galam öndürmek maksady bilen patent alandan soňra öz adyny göterýän galam fabriginiň düýbüni tutýar. Häzirki wagtda Parižiň «Konte» kärhanasy galam öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar.
Kagyzda sähelçe yz galdyrýan, ýöne eliňi hapalaýan grafite daşlyk ýasamak pikiri ýüze çykýar. Ilki-ilkiler grafit metal turbajygyň içine doldurylyp, ol diňe hat ýazmak üçin däl, eýsem, bezeg üçin hem ulanylypdyr.
1838-nji ýylda angliýaly Genri Bessemer grafitden has kämil galam ýasamagyň hötdesinden gelýär. 1858-nji ýylda Himen Lipman ýazuw esbabynyň bir ujuna berkidilen bozguçly galamyna patent alýar. Şondan soň bozguçly galamlar ýüze çykyp başlaýar. Eberhard Faber 1861-nji ýylda Nýu-Ýorkda ilkinji galam kärhanasynyň düýbüni tutýar.
Agaç daşly galamlaryň döränine 200 ýyldan gowrak wagt geçip, häzirki wagtda galamlaryň grafit, gaty grafit, suwuk grafit, kömürli, uglerodly, reňkli, ýagly we akwarelli ýaly birnäçe görnüşi bar. Galamyň hilini urga çydamlylygy, ýonulanda döwülmeýändigi, ýazanyňda kagyzy zaýalamaýandygy, bozguç bilen çalt öçürip bolýandygy arkaly bilip bolýar.