Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Türkmenistanyň raýatlarynyň möhüm durmuş-ykdysady hukuklarynyň biri-de eneligiň, çagalygyň, maşgalanyň goraglylygyna, çagalary barada alada etmäge we olary terbiýelemäge bolan hukuk bolup durýar. Ýurdumyzda maşgala, enelik, atalyk, çagalyk döwletiň goragyndadyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda «Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys.
Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belläp geçmegi hem-de Esasy Kanunymyzda berkidilen: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýen kada hem ýurdumyzda maşgalanyň döwlet tarapyndan goralýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maşgala diýlende, birek-birege kömek bermäge borçly hem-de biri-biriniň öňünde ahlak we hukuk taýdan jogapkärçiligi bolan, şonuň ýaly-da bilelikde umumy hojalygy ýöredýän şahslaryň özara baglaşan nikasynyň ýa-da gandüşer garyndaşlygynyň esasynda döreýän kiçi sosial toparyna düşünilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda «Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar» diýip berkidilen hukuk kadasy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bolan «Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamanyň» 16-njy maddasynda kämillik ýaşyna ýeten erkekleriň we aýallaryň jyns, millet ýa-da din tapawudy boýunça hiç hili çäklendirmesiz nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bar. Nika diňe nikalaşýan taraplaryň ikisiniň-de erkin we doly razylygy bar mahaly baglaşylyp bilner. Maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy düzüm parçasydyr hem-de onuň jemgyýetiň we döwletiň goragyna hukugy bardyr. Şonuň ýaly-da, erkek bilen aýalyň nikalaşmaga we maşgala gurmaga bolan hukuklary ençeme beýleki möhüm halkara hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.
Esasy Kanunymyzda maşgala barada berkidilen hukuk kadasynyň astynda 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy, maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda alada edilmegine, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň goralmagy, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini maksat edinýär. Şeýle hem maşgala gatnaşyklarynyň erkek bilen aýalyň meýletin nika baglaşmagynda, är-aýalyň maşgaladaky hukuklarynyň deňliginde, biri-birine söýgi we hormat bilen düşünişmegi, kömek bermegi esasynda we ähli maşgala agzalarynyň maşgalanyň öňündäki jogapkärçilik duýgusynda gurulmagy, är-aýalyň, ata-enäniň we maşgalanyň beýleki agzalarynyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýola goýulmagy we olaryň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegi, çagalaryň hukuklarynyň ýola goýulmagy, çaganyň dogulmagyna çenli we doglandan soňky hukuk we beýleki goragy, her bir çaganyň ösmegi, kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi, eneligiň we çagalygyň, atalygyň goralmagy maşgala kanunçylygynyň wezipeleri bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Kararynda Türkmenistanyň ygtyýarly banklary resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalaryna laýyklykda, zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete 6 müň manada çenli möçberde ýeňillikli karzlarynyň, ýaşaýyş jaýyny (öýi) doly bahasyna satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim we esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen otuz ýyl möhlete gozgalmaýan emläk karzlarynyň berilmegi ýurdumyzda maşgalalara uly goldaw berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň her bir türkmen maşgalasyny durmuş taýdan goramakda we goldamakda alyp barýan asylly işleri uly üstünliklere beslensin.
Süleýman ÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň leýtenanty.