12-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal öz işine başlady
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen parahatçylyk, dostluk we raýdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunda dünýä halklarynyň özara düşünişmegine ýardam berýän medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.
Ýurdumyz sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji we iri medeni merkezi bolmak bilen, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna çagyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançany baýramçylyk ruhy gurşap aldy. Onda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Binanyň eýwanynda festiwala gatnaşyjylary we myhmanlary ýaşajyk sazandalar özboluşly çykyşy bilen garşyladylar.
Ajaýyp konsert zalynda halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. Bu ýere ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetçiler bar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligini, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur bolan amaly-haşam sungatyny dünýä çykarmaga täze badalga berer diýlip bellenilýär.
Medeni forumyň dabaraly açylyşy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren «Türkmenistan – dost-doganlygyň mekany» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýasy bilen dowam etdi. Bu sahna oýnunda döredijilik çäresiniň baş taglymy – häzirki zaman türkmen sungatynyň köpugurlylygy, onuň adamzadyň taryhy-medeni mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygy, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmakdaky orny öz beýanyny tapdy.
Soňra sahnada estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly, tansly çykyşlar görkezildi. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz Watanymyzy, milli medeni gymmatlyklarymyzyň saklanylmagyna hem-de artdyrylmagyna aýratyn üns berýän Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.
Çagalar döredijilik toparlarynyň «Bagtyýar çagalar» atly çykyşynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Konsertde halk we nusgawy sazlar, döwrebap estrada aýdymlary ýaňlandy. Döredijilik toparlarynyň aýry-aýry çykyşlary türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlandy.
Türkmen aýdymçylarynyň hem-de Lebap welaýatynyň sazandalar toparynyň festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň – Gazagystanyň, Eýranyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň meşhur aýdymdyr sazlaryny, tans kompozisiýalaryny şol ýurtlaryň dillerinde ýerine ýetirmegi daşary ýurtly myhmanlar we tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.
«Gel, Türkmenistana!» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde ýaňlanan aýdym parahatçylygyň, halklaryň dostlugynyň ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana çakylyk boldy.
Festiwalyň çäreleri günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçilik işleriniň sergisi guraldy.
Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 35 müňden gowrak sergi önümleri saklanyp, şolaryň köp bölegi ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolup durýar. Olaryň hatarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de olara deňelen hünärmentçilik işleriniň gadymy nusgalary bar. Diňe soňky ýyllarda köp sanly etnografik tapyndylar, gadymy Amul şäherçesinde geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy muzeýiň gaznasynyň üstüni ýetirdi.
Festiwala gatnaşyjylar muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, gap-gaçlar we heýkeller, şekillendiriş sungatynyň, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri, şol sanda halylar, keçeler, palaslar, gobelen önümleri, gaýyşdan we deriden taýýarlanan önümler, milli egin-eşikler, tikin işleri, owadan kümüş şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň durmuşynda ulanylan beýleki adaty serişdeler köpdürlüligi bilen görkezildi.
Senetçiler haly we küýzegärlik önümleriniň, milli saz gurallarynyň ýasalyşy, türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri barada gyzykly gürrüň berdiler.
Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň sergi önümleri: agaçdan we galaýydan ussatlarça ýasalan önümler, aýnadan taýýarlanan ýazuw önümleri, gelşikli gutujyklar, matadan taýýarlanan we matanyň ýüzüne çekilen özboluşly işler, bezegler, «ebru» usulynda ýerine ýetirilen suratlar amaly-haşam sungatynyň köp sanly janköýerleriniň ünsüni çekdi. Myhmanlar festiwala milli lybaslaryň nusgalaryny, gündogaryň ýurtlary üçin däp bolan kalligrafiýa hem-de daşy elde işlemek sungatynyň eserlerini, çeper işleri, köpdürli sowgatlyk önümleri we taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk döredijiligini emele getirýän beýleki önümleri getiripdirler.
Agşam myhmanlara Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filmi görkezildi. Çeper filmdäki wakalar 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüniň anyk pursatlaryna esaslanypdyr.
13-nji oktýabrda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň barşynda milli mirasy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol mirasyň aýrylmaz bölegi senetçilik we amaly-haşam sungatydyr.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara tejribe alyşmak, şol sanda halkara sergileri guramakda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döredi. Köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky desgada milli lybaslaryň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary hem gurnaldy. Şu gün Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde festiwalyň ýapylyş dabarasy geçiriler.