11-12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn – 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirildi.

Ser­gi za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, me­de­ni­ýet hem-de mil­li mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak ul­ga­myn­da ÝUNESKO bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýän eks­po­zi­si­ýa­lar ýer­leş­di­ril­di. Ägirt uly mo­ni­tor­lar, yşyk­ly ban­ner­ler or­naş­dy­ry­lan di­war­lyk­lar­da hä­zir­ki za­man türk­men me­ga­po­li­si­niň dur­mu­şy­nyň giň ugur­la­ry gör­ke­zil­di.
Göz­den ge­çi­ri­li­şe eks­po­nent­le­riň on­lar­ça­sy, şol san­da bi­na­gär­lik we gur­lu­şyk ul­ga­myn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len meş­hur da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­le­riň giň ge­rim­li­li­gi­ni be­ýan et­mek üçin ser­gi­de eda­ra bi­na­la­ry­nyň, söw­da we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň, has oňaý­ly we otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň köp san­ly nus­ga­la­ry­dyr çyz­gy­la­ry ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ryň ag­la­ba­sy şä­her gi­ňiş­li­gi­niň mun­dan beý­läk-de mak­sat­la­ýyn, dü­züm­le­ýin we es­te­tik ösü­şi­ni syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şä­her gi­ňiş­li­gin­de bi­na­gär­le­riň, tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň, su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň tä­sin pi­kir­le­ri jem­len­ýär.
Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri hem-de hu­su­sy ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri şä­her gur­lu­şy­gyn­da we halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň beý­le­ki ul­gam­la­ryn­da – po­lig­ra­fi­ýa­dan baş­lap, dok­ma we me­bel önüm­çi­li­gi­ne çen­li eýe­le­ýän orun­la­ry­ny has-da ber­kid­ýär­ler. Olar se­na­gat, bi­na­gär­lik, komp­ýu­ter di­zaý­ny ugur­la­ry bo­ýun­ça öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňeld­ýär­ler.

Şu ser­gi­de «Çi­gil­dem», «Aý­bö­lek», «Ýa­şyl ýyl­dy­rym», «Meş­hur in­te­riors», «Er­jel Be­genç» ýa­ly hu­su­sy kär­ha­na­lar we beý­le­ki­ler öz önüm­le­ri­dir hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­di­ler.
Şeý­le hem «Di­zaýn – 2022» fo­ru­my ge­çi­ril­di. Oňa ýaş we tej­ri­be­li bi­na­gär­ler, şä­her gur­şa­wy­nyň di­zaýn ul­ga­myn­da iş­le­ýän hü­när­men­ler, žur­na­list­ler, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­lar­dan gat­naş­ýan­la­ryň ha­ta­ryn­da Tür­ki­ýe­den, ABŞ-dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Azer­baý­jan­dan we­kil­ler bar. Şä­her­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek işin­de hem-de ola­ryň ma­ýa go­ýum­lar ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da bi­na­gär­li­gi we di­zaý­ny ne­ti­je­li ulan­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek şu fo­ru­myň esa­sy maksatlarynyň bi­ri­dir.
Aş­ga­ba­dyň ös­dü­ril­me­gi, uzak möh­let­li gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, onuň dü­zü­mi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýän paý­tag­ty­my­zyň hä­zir­ki keş­bin­de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi, kö­pu­gur­ly kuw­wa­ty, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy we me­de­ni däp­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Çy­kyş eden­ler ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da halk­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry iler­let­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­ni «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky mag­lu­mat diň­le­nil­di, şeý­le-de bu ugur­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler we gel­jek­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu tor gat­na­şy­jy şä­her­le­riň aň-paý­has ba­bat­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm gu­ra­ly bol­mak bi­len, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin dö­re­di­ji­lik we in­no­wa­si­on kuw­wa­ty gol­da­ma­ga umu­my çe­me­leş­mä­ni şöh­le­len­dir­ýär, me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­ma­ga, bi­le­lik­dä­ki hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.