“Al Bayt” stadiony: Çempionatyň açylyş duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolan “Al Baýt” stadiony Al Hor (Al Haur hem diýilýär) şäherinde ýerleşýär. Ýörite çempionat üçin gurlan bu desga Katar 2022-niň iň demirgazykdaky stadiony bolup, ol paýtagt Dohadan 35 kilometr uzaklykdadyr. 2014-nji ýylda gurlup başlanan stadionyň gurluşygy 2021-nji ýylda tamamlanýar. Stadion 60 müň orunlyk bolup, onuň daşky görnüşi arap medeniýetiniň esasy nyşanlarynyň biri bolan çadyry ýadyňa salýar. “Baýt al şa’ar çadyrlaryndan ugur alnyp gurlan stadionyň gurluşygyny Italiýanyň “Webuild S.p.A” atly kompaniýasy alyp bardy. Bu stadionda çempionatyň açylyş duşuşygy bilen bir hatarda, toparçalaryň 6 duşuşygy geçiriler. Olaryň arasynda Angliýa – ABŞ, Ispaniýa –Germaniýa, Niderlandlar–Katar duşuşyklary hem bar. 1/8 finalyň, çärýekdir ýarym finalyň 1 duşuşygy bu stadionda oýnalar (jemi 9 duşuşyk). Stadionda kiçeňräk muzeý, 5 ýyldyzly myhmanhana hem ýerleşýär. Stadiona metro bilen barmak bolýar.