“Al Janoub” stadiony: Kataryň gündogarynda ýerleşýän Al Wakra şäherindäki bu stadion “Al Janoub” diýlip atlandyrylýar. Paýtagt Dohadan 20 kilometre golaý daşlyk bolan bu stadion 2014-2019-njy ýyllar aralygynda gurulýar. Stadionyň arhitektorçylyk işi, meşhur zenan arhitektor, 2016-njy ýylda aradan çykan yrakly Zaha Hadide degişli bolup, desganyň gurluşygyny ýerli gurluşyk kärhanalary alyp barýar. 40 müň tomaşaçy orunlyk bolan stadion çempionatdan soň şäheriň kluby “Al Wakra” toparyna berler we tomaşaçy sany 20 müň düşüriler. Stadionyň daşky görnüşi şäheriň ýaşaýjylarynyň ir döwürler gümra bolan işlerini – balykçylygy hem-de suw astyndaky dür gözlegini ýatladýar. Futuristik äheňi bolan stadion London 2012 tomusky Olimpiýa oýunlarynda suw sportlary boýunça ýaryşlary geçirilen “Aquatics Center” desgasyna hem meňzedilip gurulýar. Toparçalardaky 6 duşuşykdan başga-da 1/8 finalyň 1 oýny bu desgada oýnalar.