15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hakyky dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki netijeli, ynanyşykly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň kesgitleýji şertidir. Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslendi. Şol ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürildi.
Şeýle hem parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary bu gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm tapgyr boldy.
Duşuşygyň dowamynda netijeli häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi. Nebitgaz, senagat, ulag, logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Toparyň işi ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, telekeçilik we maýa goýum işini höweslendirmäge, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky däp bolan dialogyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudygy nygtaldy. Şunda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş ulgamyndaky ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk ozaldan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we köpýyllyk tejribä esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
* * *
Şol gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
Şeýle-de, medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurlardaky özara gatnaşyklar däp bolan yzygiderli häsiýete eýedir. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
Aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşykda bolsa bilelikdäki has möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ägirt uly kuwwata we mümkinçiliklere eýe bolan, iki ýurduň bähbitlerini has doly göz öňünde tutmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk çäreler bellenildi.