Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, sowatly bolmagy ugrunda bimöçber alda edilýär. Olaryň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatynda daşary ýurt dillerini öwrenmekde we öwretmekde hem uly tagalla edilýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, tä ýokary okuw mekdeplerine çenli daşary ýurt dillerini öwredilýär. Dil adamlaryň arasynda aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Adam näçe köp dil bilse, onuň gözýetimi şonça-da giňeýär. Daşary ýurt dillerini öwrenenimizde biz öwrenýän dilimiziň üsti bilen şol dilde gepleýän halkyň medeniýetini, däp-dessurlaryny hem öwrenýäris. «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýere nygtap geçmändirler.

Daşary ýurt dillerini kämil bilmek, olary doly özleşdirmek, türkmen ýaşlarynyň dünýä giňişligine aralaşmagyny, sebitde we halkara derejede syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegini, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegini we kämilleşmegini ýola goýmakda hyzmat edýär.

Institutymyzda diňe dil öwrenmek bilen çäklenilmän, eýsem, öwrenilýän diliň halklarynyň milli gymmatlyklaryny, gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlaryny, taryhy gelip çykyşyny, sungatyny, medeniýetini, edebiýatyny çuňňur özleşdirmek, dil goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, hünär edebiýaty boýunça dürli temalary saýlap, şol temalar esasynda täzeçillige ýugrulan ylmy işleri ýazýarys. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hünär dili hökmünde birnäçe täze dil girizildi. Bu dilleriň ýurdumyzda ýokary derejede öwredilip başlanmagy döwletara gatnaşyklaryň has-da berkemegine oňaýly täsir etdi. Talyp ýaşlaryň bu dilleri düýpli we kämil derejede öwrenmegi üçin daşary ýutlardan gelen professor-mugallymlar bilim berýär. Talyplarymyz ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen lingafon otaglarynda okaýarlar.

Dil öwrenmekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Tehnologiýalar okuwçylara we talyplara dünýäniň ähli künjeginde okamaga, okaýanlaryň ählisine bir wagtda umumy sapaklaryň berilmegine, amaly ýumuşlaryň tabşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Sanly bilim ulgamy daşary ýurt dilini öwrenýänler üçin iň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylym ojaklarynyň meşhur hünärmenleri bilen onlaýn görnüşinde söhbetdeşlik geçirmäge, okuw we iş tejribesini paýlaşmaga, ýurduň medeniýeti bilen tanyşmaga, dil öwrenýänler bilen aragatnaşyk saklamaga we özleşdirýän dilini işjeň ulanmaga giň mümkinçilik berýär.

Nepes MUSTAKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.