Dünýä Kubogynyň çärýek finalynda Marokkodan utulyp, ýaryşdan ir gaýdan Portugaliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Fernando Santoş wezipesinden boşadyldy. Bu barada federasiýa tarapyndan berlen beýanatda: “Fernando Santoş we toparyna 8 ýylda milli topar üçin bitiren hyzmatlary mynasybetli sagbolsun aýdýarys. Portugal halkynyň hem oňa minnetdardygyna ynanýarys” diýlip bellenilýär.

68 ýaşyndaky portugal tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2016-njy ýylda Ýewropanyň çempionlygyny, şol sanda 2019-njy ýylda UEFA Milletler Ligasynyň çempionlygyny gazanypdy.

Katarda dowam edýän çempionatda soňky 2 duşuşykda, has takygy, 1/8 finalda Şweýsariýa duşuşygynda, çärýek finalda-da Marokkonyň duşuşygynda tälimçi Santoş super ýyldyz Kristiano Ronaldony ätiýaçda oturdyp, köpleriň nägileligine sebäp bolupdy.

Şeýle-de, Santoş taryhda ýarym finala çykan ilkinji Afrika topary bolan Marokkonyň ýygyndysynyň ýeňip, ýaryşdan çykaran ýygyndylarynyň arasynda wezipesini taşlan 3-nji tälimçi boldy. Toparçada Marokkodan 2-0 utulan Belgiýanyň tälimçisi Roberto Martines, 1/8 finalda utulan Ispaniýanyň tälimçisi Luis Enrike hem milli toparyň tälimçisi wezipelerinden gidipdiler.