Islendik baýramçylygyň, dabaranyň we iň esasysy hem doglan günleriň iň eý görülýän tagamy süýjülik tortlarydyr. Süýjülik tortlary hödür edilende, iýmekden ýüz öwürýän adam, megerem, juda az bolsa gerek. Dünýäde tortlaryň şokoladly, kakaoly, hozly, pisseli we dürli miweli görnüşleri bolup, her ýerde özüne mahsus şekilde dürli-dürlüçe taýýarlanýar. Ine, şolaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«Mille-feuille». Dünýäde fransuz tagamlarynyň ençemesi meşhur bolup, şolaryň arasynda «Mille-feuille» tortunyň orny has uludyr. «Milföý» diýlip okalýan bu tortuň ady «müň ýaprak» diýen manyny berýär. Tort gat-gat edilip, doňdurylyp goýlan «milföý» hamyryndan taýýarlanylýar. Üç gatly «milföý»-iň arasyna adaty tort kremi çalnyp hödür edilýär. Bu süýjüligiň asyl nusgasynda hiç hili miwe görnüşi ýok. Ýöne häzirki wagtda müşderileriň islegine görä miweli görnüşleri hem taýýarlanylýar.
«Torta rogel». Argentinleriň özboluşly bu süýjüligi ençeme gatdan ybarat bolup, doňdurylyp goýlan hamyrdan, ýagny «milföý»-den taýýarlanýar. Şol çala bişirilen hamyrlaryň arasyna-da şekerli süýt goýultmasy (moloko) çalynýar. Üstüne-de gülli zefir goýlup hödür edilýär. «Torta rogel» argentinleriň nusgawy süýjüligi hasaplanýar.
«Chaja». Argentinleriň goňşusy Urugwaýda «Chaja» atly özboluşly tort meşhur bolup, ol adyny tüýlek guş görnüşi «Chaja»-dan alýar. Tortuň daşyna owradylan zefir çalynýar. Şeýle hem tagamy ýeňil bolan tortuň üstüne, gatlarynyň arasyna kesilen şetdaly bölejikleri goýulýar.
«Ube cake». Fillippinlerde doglan gün çäreleriniň iň esasy tagamy bolan «Ube cake» torty daşky görnüşi bilenem köpleri özüne bendi edýär. Tortuň benewşe reňki diňe Filippinlerde ýetişdirilýän özboluşly kartoşkadan alynýar. Köplenç 2 gatly taýýarlanýan bu torta mesge hem-de adaty tort kremi çalynýar. Benewşe tort dürli görnüşde, dürli şekilde we dürli miweler bilen hödür edilýär.
«Karpatka». Çörek we çörek önümleri boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýän Polşanyň bu meşhur süýjüligi giňden ýaýrandyr. Adyny hemişe üsti garly Karpat daglaryndan alýan tortda krem köp ulanylýar. Taýýarlanyş usuly azda-kände çylşyrymly bolan karpatka tortunyň üstüne şeker külkesi sepilip hödür edilýär. Un, suw, şeker we ýumurt goşulyp taýýarlanýan karpatka 1995-nji ýylda milli marka öwrülýär.
«Bienenstich». Germaniýanyň meşhur süýjülik tortlarynyň biri bolan «Bienenstich» «arynyň çakmagy» diýmegi aňladýar. Süýji çöregiň arasyna goýlan krem tortuň esasyny düzýär. Üstüne-de bal çalnyp, çalaja gowrulan badam owuntyklary sepilýär. Bu tort öz gözbaşyny XV asyrdan alyp gaýdýar.
«Sachertorte». Awstriýanyň dünýä belli torty bolan «Zaher» (Sachertorte) köp mukdarda şokoladly bolmagy bilen tapawutlanýar. Şokolady aşa gowy görýän 16 ýaşly Frans Zaher tarapyndan oýlanyp tapylan bu tortuň içi-daşy şokolod bilen örtülýär. Torta erigiň mürepbesi hem goşulyp taýýarlanylýar.
«Prinsesstarta». Şwesiýanyň nusgawy tortlarynyň biri bolan «Şagyzy torty»-nyň (Prinsesstarta) iň esasy aýratynlygy daşynyň ýaşyl bolmagydyr. Üwelen badam garylan hamyrdan daşy gaplanýan bu süýjülige «ýaşyl tort» hem diýilýär. Bu tort ilkinji gezek geçen asyryň ortalarynda Şa Karlyň III gyzyna sapak berýän mugallymy Jenni Akerstrom tarapyndan taýýarlanylýar. Bu süýjülige şol sebäpden «Şagyzy torty» diýilýär.
«Hummingbird cake». Ýamaýka döwletiniň iň meşhur süýjüligi bolan bu tagama «Doctor bird cake» torty hem diýilýär. Miweleri aşa gowy görýän guşlary hem özüne bendi edýän bu torty iýen adam tropik dünýä aralaşan ýaly bolýar. Ananas, banan, wanilin we beýleki süýji tagamly goşundylardan taýýarlanylýan bu tort diňe bir Ýamaýkada däl, ABŞ-nyň Günorta sebitlerinde-de giňden ýaýrandyr.
«Kransekage». Esasan hem, Daniýadyr Norwegiýada, şol sanda beýleki Skandinaw ýurtlarynda-da hemmäniň halaýan torty «kransekage» bolup, ol Täze ýyl baýramçylygynyň, toý saçaklarynyň bezegidir. Badamly hamyr halkalaryndan 18 gatly taýýarlanýan bu tort XVIII asyrdan gözbaş alýar. Piramida şekilindäki şol halkalar ýörite şire bilen birleşdirilýär.
«Victoria sponge cake». Şa zenany Wiktoriýanyň ikindin aralar içýän çaýynyň ýany bilen iýen torty bolany üçin «Victoria sponge cake» diýilýän bu süýjülik adaty tort hamyryndan taýýarlanylýar. «Wiktoriýanyň sendwiçi» hem diýilýän bu süýjülikde iki gatyň arasyna tort kremi çalnyp, oňa böwürslen mürepbesi çalynýar. Üstüne-de şeker külkesi sepilip hödür edilýär. Gelip çykyşy Ispaniýada diýlip çaklanylýan bu tort Beýik Britaniýanyň çäginde has meşhurdyr.
«Melktert». Günorta Afrikanyň torty bolan «Melktertiň» iň esasy goşundysy süýt bilen un bolup, oňa şeker hem-de ýumurtga garylýar. Amerikanlaryň pirogyny ýadyňa salýan bu tort XVII asyrdan bäri bu ýurtda taýýarlanylýar.