Haýwanat dünýäsine mahsus aýratynlyklaryň biri hem janly-jandarlaryň gyş ukusyna gitmegidir. Muňa ylymda gibernasiýa diýilýär. Gibernasiýa hadysasynda haýwanlaryň iýmit zerurlygy azalýar, bedeniň ýylylygy, ýürek urşy we dem alşy peselýär. Bu, esasan hem, howanyň sowamagy, tebigatda iýmitiň azalmagy bilen bagly bolup, janly-jandarlar «öýünde» möwsüme görä gyş ukusyny geçirýärler. Gibernasiýanyň dowamlylygy dürlüçe bolup, janly-jandaryň görnüşine we ýaşaýan ýerine görä üýtgeýär. Eýsem, haýwanat dünýäsiniň ähli agzasy gyş ukusyna gidýärmikä?! Geliň, gyşyna uklaýan jandarlar baradaky maglumatlary öwreneliň!
Aýylar. Multfilmdir ertekilerde bize iň ýakyn bolan gahrymanymyz aýynyň gyş ukusyna gitmegi geň-taň bolup görünse-de, bu hakykatdyr. Tokaýda ýaşaýan ýyrtyjy jandaryň bu görnüşi bir aýlyk ýa-da dolulygyna uzak wagtlyk uka gitmän, arasynda oýanyp ýene-de ýatýar. Esasy iýmiti balyk, miwedir gök önümler, otdur agaç kökleri bolan aýylar ýaz paslynyň gelmegi bilen oýanýarlar.
Garter ýylanlary. Köp jandar ýeke gyşlaýan hem bolsa, garterler toparlaýyn gyş ukusyna gidýärler. Ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýylan bir hinde jemlenýär. Bu, esasan, ýylylygy saklamaga kömek edýär. Zäherli süýrenijiler oňurgasyz jandarlar, mör-möjekler, gemrijiler bilen iýmitlenýärler.
Pyşbagalar. Çanagyň içinde ýaşaýan süýrenijileriň bu görnüşi suwda hem-de gury ýerde duş gelýär. Bilşimiz ýaly, çanakly jandarlar uzak ýaşamagy bilen tapawutlanýar. Pyşbagalar görnüşine we ýaşaýan ýerine baglylykda gibernasiýa hadysasyny başdan geçirýär. Üç aýdan bäş aýa çenli gyş ukusyna gidýän dünýäniň iň haýal süýrenijisi otdur gök önümler bilen iýmitlenýär.
Suwöküz. Mollýusklar maşgalasynyň şepbikli görnüşi bolan suwöküziň gyş ukusyna gidýändigine birbada ynanmak kyn. Şeýle-de bolsa bu süýreniji gibernasiýa hadysasyna gatnaşýar. Owadan gabykly suwöküz sowugyň düşmegi bilen «öýüne» girýär hem-de girelgesini şepbik bilen örtýär. Suwöküz gyş ukusyna gidende gabygynyň guramazlygy üçin çygly ýeri saýlap alýar.
Hüwi. Gyş paslynyň gelmegi bilen guşlaryň köpüsiniň ýyly ýurtlara uçup gidýändigine garamazdan, öýünde galyp gyşlaýanlary-da bar. Hatda gyş ukusyna gidýänleri hem bolup, bu esasan, baýguşlar maşgalasyna degişlidir. Agaçlaryň köweklerinde, dagdaky kiçiräk gowaklarda sowugy geçirýän hüwiler gijesine awa çykyp, mör-möjekler, gemrijiler bilen iýmitlenýär.
Ýarganat. Gündizine ýatyp, gijesine awa çykýan, ultrases arkaly daş-töweregi saýgarýan kör syçanlar gyş paslynyň gelmegi bilen köne diwarlardan, gowaklardan başaşaklygyna sallanyp, gyş ukusyna gidýärler.
Kirpi. Köpimiziň pikir etmeýändigimize seretmezden, daşy tikenli süýdemdiriji hem gyş ukusyna gidýär. Meýdanda oňaýly bukalga tapandan soň kirpiler ýygrylyp, gyş paslyny geçirýärler.
Arylar. Uçýan, neşderli mör-möjegiň käbir görnüşi gyş paslynyň gelmegi bilen ýeri gazyp, gum çukurlarynda gibernasiýany başdan geçirýärler.
Gurbagalar. Meşhur «aýdymlary» bilen tanalýan sowuk bedenli ýerde we suwda ýaşaýan bu jandarlar agaçlaryň düýbünde, gum üýşmeginde ýa-da palçykly ýapda gyş ukusyna gidýär. Gurbagalaryň bedeni şeýle bir sowaýar welin, hatda damarlarynda buz kristallary emele gelýär. Esasy iýmiti çybyn, gurçuk we mör-möjekler bolan «şadyýan jandarlar» ýaz paslynyň gelmegi bilen daş-töweregini ýene-de şatlyk-şowhuna öwürýär.