2023-nji ýy­lyň se­ne­na­ma­sy­ny eli­me alyp se­re­de­nim­de, ýan­war aýyn­da «27-nji ýan­war – Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni» di­ýen ýaz­ga gö­züm dü­şen­de, ýi­git­le­riň ag­ras­ly­gy, mert­li­gi, eder­men­li­gi, gaý­duw­syz­ly­gy, tu­tan­ýer­li­li­gi ýa­ly hä­si­ýet­ler aňym­da şöh­le­le­nip, kal­by­my heý­ja­na ge­tir­di. «Ger­çek ýi­git, goç ýi­git». Bu jümläniň öze­nin­de um­man ýa­ly fi­lo­so­fi­k ma­ny bar.
Ta­ryh­dan bil­şi­miz ýa­ly, döw­le­tiň berk­li­gi, be­lent­li­gi, be­ýik­li­gi şol döw­le­tiň ýaş­la­ry­nyň sag­dyn, ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, mert-mer­da­na, do­gum­ly, ger­çek ýi­git, goç ýi­git bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne bag­ly­dyr. Şol se­bäp­li ata-ba­ba­la­ry­myz ogul bä­bek­le­ri ça­ga­lyk­dan ter­bi­ýe­läp, ola­ryň gel­jek­de maş­ga­la­ny ek­läp-sak­lap, ene top­ra­gy, ata Wa­ta­ny gö­zü­niň gö­re­ji dek go­rap bil­jek är ýi­git­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da ala­da edip­dir­ler.

Go­şun ser­ker­de­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek döw­let üçin esa­sy we mu­kad­des borç bo­lup­dyr. Gel­jek­ki ser­ker­de­ler bo­lup ýe­tiş­jek og­lan­lar ata­beg­ler ta­ra­pyn­dan oka­dy­lyp, ter­bi­ýe­le­nip ýe­tiş­di­ri­lip­dir. Ata­beg­ler ola­ra dün­ýä dil­le­ri­ni, aý­ra­tyn hem sö­weş we ser­ker­de­lik til­sim­le­ri­ni öw­re­dip­dir­ler. Türk­men ser­ker­de­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­la­ry­na ata­beg­le­riň öw­re­den til­sim­le­ri kö­mek edip­dir. Ko­wus­na­ma­nyň «Sö­weş­mek ha­kyn­da» di­ýen fa­sy­lyn­da ger­çek­lik ba­ra­da şeý­le mas­la­hat­lar ge­ti­ril­ýär: «Og­lum, eger sö­weş meý­da­ny­nyň or­ta­sy­na düş­seň, özü­ňi ýi­ti­rip, ja­ny­ňy aýa­jak bol­ma­gyn, çün­ki gör­de ýat­mak maň­la­ýy­na ýa­zy­lan adam hiç bir jäht­den öýün­de ýa­typ bil­mez. Me­niň ta­bar di­lim­de aý­dy­şym ýa­ly:
Hiç gor­ku­sy ýok­dur duş­man bol­sa şir,
Bil­me­rin dün­ýä­de eý­men­mek ne­dir
Ju­da jaý di­ýip­dir bir paý­has­ly pir:
Ka­za­sy do­la­na öz öýi ga­byr»
«Sö­weş­de bir ädim ile­ri süý­şüp bil­ýär­käň, bir ädim gaý­ra bas­ma­gyn. Hiç wagt ýöw­sel­lik et­me­gin, mert bol­gun. Ger­çek­le­riň elin­dä­ki gys­ga­jyk gy­lyç­lar hem nä­ge­ha­na uzyn bo­lup gör­ner. Uruş­da ah­mal­lyk et­mek bol­ýan däl­dir, sä­hel­çe na­mart­lyk ýa-da ýöw­sel­lik et­di­giň, müň ja­nyň­dan bi­ri­ni sak­lap bil­mer­siň. Iň züw­wet­din adam sen­den rüs­tem ge­ler».
Şu my­sal­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, türk­men hiç ha­çan hem ýa­gy­nyň öňün­de müz­zer­män­dir, duş­ma­na gaý­ta­wul be­rip, Wa­ta­ny­ny gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly go­rap sak­lap­dyr. Türk­me­niň ýi­git­le­ri ýa­gy se­si­ni eşi­de­nin­de öý­de giz­le­nip oturma­gy öz­le­ri­ne pes­lik bi­lip­dir­ler, ýyg­na­nyl­ma­ly ýe­re der­rew jem­le­ni­şip bi­lip­dir­ler.
Wa­tan üçin çyk­dym gy­rat üs­tü­ne,
Tä ja­nym çy­kyn­ça, dön­me­nem beg­ler.
Dik­dir se­rim, düş­men duş­man as­ty­na,
Sil deý ak­sa gan­dan, gan­ma­nam beg­ler.
Wa­tan­çy şa­hy­ry­myz Se­ýit­na­zar Seý­di­niň şu jüm­le­le­ri­ni oka­nyň­da, guý­ma­gur­sak wa­tan­çy bo­lan hal­ky­my­zyň Wa­ta­ny­my­zyň baş­lan­ýan ýe­ri bo­lan maş­ga­la oja­gy­na-da we­pa-yg­rar­ly­dy­gy­na, ony eziz gör­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Pe­der­le­ri­mi­ze mah­sus şeý­le nus­ga­wy hä­si­ýet­ler bi­ze ýol-ýö­rel­ge bol­ma­ly­dyr.
Biz türk­me­niň tä­ze ta­ry­hy­nyň dö­rän, Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­nyşy döw­rü­ne my­na­syp ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­ýan zamanasynda ýa­şa­ýa­rys. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň her bi­ri­niň köň­lün­de mert pe­der­le­riň ru­hy bar. Mil­li Go­şu­ny­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly, sö­weş­jeň däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýär­ler.
Şo­nuň üçin hem döw­le­ti­miz ýur­du­my­zyň Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­la­ry­na uly sar­pa goý­ýar, ola­ryň hyz­ma­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.
Bu sar­pa­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär» at­ly ese­rin­de şeý­le söz­ler bi­len be­ýan ed­ýär: «Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de gul­luk ed­ýän har­by gul­luk­çy­la­ryň, ýaş es­ger­le­riň ata-ba­ba mer­da­na­lyk mek­de­bi­ne yg­rar­ly­dyk­la­ry­na ynan­ýa­ryn hem-de ola­ra bi­möç­ber gu­wan­jym bar. Çär­ýek asyr­lyk men­zi­li aşan bu kuw­wat­ly güý­jüň ke­ma­la gel­me­gin­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ger­çek­lik tä­lim-ter­bi­ýe­si­niň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­sym gel­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri wa­tan­çy, mer­te­be­li, gaý­rat­ly, asyl­za­da, eder­men türk­men ýi­git­le­ri­niň, al­gyr la­çyn­la­ryň-mer­da­na­la­ryň mek­de­bi­dir. Bu hal­ky­my­zyň na­mys-ar­ly, il-gü­nü­ne yg­rar­ly ne­sil­le­riň öňün­dä­ki bor­ju­na we­pa­ly­ly­gy­dyr».
Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­nü­niň dö­re­dil­me­gi­ne we onuň her ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly bel­le­nil­me­gi­ne Wa­tan go­rag­çy­la­ry öz­le­ri­niň asyl­ly gul­luk­la­ry bi­len jo­gap be­rip, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da gi­je-gün­diz berk dur­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mil­li Go­şu­ny­my­zyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy, har­by dur­mu­şy bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­la­nyp dur­ýar. Se­bä­bi es­ger ýi­git­ler Wa­ta­ny­my­zyň di­re­gi, po­lat gal­ka­ny. Şu nuk­daý­na­zar­dan Mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­miz­de go­şu­nyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, gul­luk borç­la­ry­ny bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek hormatly Prezidentimiziň aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Har­by dokt­ri­na­sy­nyň öze­ni-de, Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy, ýur­du­my­zyň bi­te­wü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak­dan, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­sin­den ge­lip çyk­ýan hu­kuk­la­ry­ny we borç­la­ry­ny ber­jaý et­mek­den, äh­li döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly hem-de dost­luk­ly ýa­şa­mak sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.
Ýo­ka­ry hü­när­li har­by hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­tyn­da hem uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ins­ti­tut­da har­by ta­lyp­lar – gel­jek­ki ýo­ka­ry har­by bi­lim­li ser­ker­de­ler öz hü­när­le­ri bo­ýun­ça yh­las bi­len oka­ýar­lar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ins­ti­tu­ty­my­zyň ta­lyp­la­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän ders bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, öň­dä­ki orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar.
Goý, ata Wa­ta­ny­my­zy, il-gü­nü­ni jan­dan söý­ýän, gö­bek ga­ny da­man dog­duk me­ka­ny üçin ga­ýa dek du­rup bil­ýän ger­çek ýi­git­leri­miz he­mi­şe hal­kyň gu­wan­jy, Wa­ta­nyň da­ýan­jy bo­lup, mu­kad­des bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, ýur­duň ab­ra­ýy­na ab­raý goş­sun.

Hy­dyr­gu­ly Wo­ha­now,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.