Balyk – suwdaky baýlyk

407

Te­bi­gat­da ba­lyk­la­ryň 22 müň tö­we­re­gi gör­nü­şi bel­li­dir. Olar ske­le­ti­niň gur­lu­şy bo­ýun­ça iki to­pa­ra bö­lün­ýär – ke­kir­de­wük­li we süňk­li ba­lyk­lar. Süňk­li ba­lyk­la­ryň 19 müň­den gow­rak gör­nü­şi bel­li bo­lup, olar süý­ji we şor (de­ňiz) suw­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Bu ba­lyk­la­ra ýü­züş hal­ta­sy mah­sus bol­sa-da, kä­bir gör­nüş­le­rin­de bu be­den ag­za­sy bol­ma­ýar. Žab­ra ýar­çyk­la­ry süňk ga­pak bi­len ýa­pyl­ýar. Ke­kir­de­wük­li ba­lyk­la­ryň 630 tö­we­re­gi gör­nü­şi mä­lim­dir. Ola­ra aku­la­lar we skat­lar de­giş­li­dir­ler. Bu ba­lyk­la­ryň ýü­züş hal­ta­sy we žab­ra ga­pak­la­ry ýok­dur. Ba­lyk­la­ryň gör­nüş­le­ri­niň köp­lü­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýa­şaý­şyn­da umu­my meň­zeş­lik­ler bar: žab­ra­la­ry­nyň üs­ti bi­len suw­da erän kis­lo­rod­dan dem al­mak­la­ry, be­de­ni­niň nem su­wuk­ly­gy we teň­ňe­ler bi­len ör­tül­me­gi, ýüz­güç­le­ri­niň bol­ma­gy, suw­da­ky he­re­ke­tin­de sür­tül­mä­ni azald­ýan de­ras­ty mäz­le­ri­niň su­wuk­lyk iş­läp çy­kar­ma­gy, esa­sy he­re­ke­te ge­ti­ri­ji guý­ruk ýüz­gü­ji­niň bol­ma­gy we baş­ga­lar.
Türk­me­nis­tan­da ba­lyk­çy­lyk işi XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­dan baş­lan­ýar. Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ry­na, Türk­men top­ra­gy­na ge­len işe­wür adam­lar, alym­lar içer­ki suw­lar­da iý­mit üçin ýa­ram­ly ba­lyk­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len kä­bir ýer­ler­de iş alyp bar­dy­lar. My­sal üçin, Mur­gap der­ýa­syn­da ba­lyk go­ru­ny dö­ret­mek üçin Amy­der­ýa­dan 1894-njy ýyl­da 510 sa­ny ba­lyk ge­ti­ri­lip goý­be­ril­di. Ola­ryň 429 sa­ny­sy teň­ňe ba­lyk (sa­zan), 40 sa­ny lak­ga, 12 sa­ny Aral usa­jy, 30 sa­ny že­reh ba­lyk­la­ry­dyr. Ola­ryň kö­pel­me­gi 1898-nji ýyl­da köp­çü­lik­le­ýin ba­lyk tut­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Türk­me­nis­tan­da ba­lyk­çy­lyk oba ho­ja­ly­gy­nyň çalt ös­ýän, gir­de­ji­li, mö­hüm pu­da­gy ha­sap­lan­ýar. Gü­neş­li ül­kä­miz­de bu pu­da­gy ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dür­me­ge do­ly müm­kin­çi­lik­ler bar. Aý­ra­tyn hem ýy­ly gün­le­riň köp do­wam et­me­gi ba­lyk­çy­ly­gy has ynam­ly, döw­re­bap ös­dür­mä­ge amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.

Gül­nur Oty­zo­wa,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by