Tebigatda balyklaryň 22 müň töweregi görnüşi bellidir. Olar skeletiniň gurluşy boýunça iki topara bölünýär – kekirdewükli we süňkli balyklar. Süňkli balyklaryň 19 müňden gowrak görnüşi belli bolup, olar süýji we şor (deňiz) suwlarda ýaşaýarlar. Bu balyklara ýüzüş haltasy mahsus bolsa-da, käbir görnüşlerinde bu beden agzasy bolmaýar. Žabra ýarçyklary süňk gapak bilen ýapylýar. Kekirdewükli balyklaryň 630 töweregi görnüşi mälimdir. Olara akulalar we skatlar degişlidirler. Bu balyklaryň ýüzüş haltasy we žabra gapaklary ýokdur. Balyklaryň görnüşleriniň köplügine garamazdan, ýaşaýşynda umumy meňzeşlikler bar: žabralarynyň üsti bilen suwda erän kisloroddan dem almaklary, bedeniniň nem suwuklygy we teňňeler bilen örtülmegi, ýüzgüçleriniň bolmagy, suwdaky hereketinde sürtülmäni azaldýan derasty mäzleriniň suwuklyk işläp çykarmagy, esasy herekete getiriji guýruk ýüzgüjiniň bolmagy we başgalar.
Türkmenistanda balykçylyk işi XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlanýar. Hazar deňziniň kenaryna, Türkmen topragyna gelen işewür adamlar, alymlar içerki suwlarda iýmit üçin ýaramly balyklaryň sanyny artdyrmak maksady bilen käbir ýerlerde iş alyp bardylar. Mysal üçin, Murgap derýasynda balyk goruny döretmek üçin Amyderýadan 1894-njy ýylda 510 sany balyk getirilip goýberildi. Olaryň 429 sanysy teňňe balyk (sazan), 40 sany lakga, 12 sany Aral usajy, 30 sany žereh balyklarydyr. Olaryň köpelmegi 1898-nji ýylda köpçülikleýin balyk tutmaga mümkinçilik döretdi. Türkmenistanda balykçylyk oba hojalygynyň çalt ösýän, girdejili, möhüm pudagy hasaplanýar. Güneşli ülkämizde bu pudagy ýokary depginler bilen ösdürmege doly mümkinçilikler bar. Aýratyn hem ýyly günleriň köp dowam etmegi balykçylygy has ynamly, döwrebap ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Gülnur Otyzowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF









