Gaýybana syýahat
Syýahatçylyk babatda ösen şäherleriň biri bolan Parižde binagärlik gurluşy we sungat özboluşlylygy bilen görenleri haýran edýän Luwr muzeýi ýerleşýär. Dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri hasaplanýan «aýnaly piramida» 1793-nji ýylda myhmanlara gapysyny açýar. Seine derýasynyň sag kenarynda, Luwr köşgüniň öňündäki meýdançada bina edilen gadymy muzeýde 35 müňden gowrak sungat eseri köpçülige hödürlenýär.
Ilkibaşda 1190-njy ýylda gala hökmünde gurlan Luwr XVI asyrda köşk bolup hyzmat edýär. Soňlugy bilen muzeýe öwrülen Luwruň tutýan meýdany 60 müň 600 inedördül metre barabar bolup, dürli medeniýete degişli 480 müňden gowrak ýygyndyny özünde jemleýär. Muzeý müsür, grek, rim medeniýetiniň gadymy nusgalaryny, Gündogaryň sungat eserlerini we yslam medeniýetini, şeýle hem çyzgylardyr neşirleri özünde jemleýän 8 bölümden ybaratdyr. Luwrda saklanýan çeper eserleriň ep-esli bölegini kartinalar emele getirýär. Dünýä belli suratkeşleriň çeken 7500-den gowrak portretleri muzeýiň sungat galereýasynda saklanýar. Olardan italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň Mona Liza bagyşlan portreti has meşhurlyga eýedir. Bu ýerde nusgawy kartinalar bilen birlikde taryhy wakalary suratlandyrýan heýkelleriň hem ýüzlerçesi bar.
5 sany piramida bar
Luwruň esasy binasyndaky aýna piramidadan başga-da, onuň daşynda 3 sany kiçijik aýna piramida bar. Şeýle-de muzeýiň «Karrousel du Luwr» galereýasynda aşak bakyp duran 5-nji piramida hem bar. Sungat binasynyň 4 sany girelgesi bolup, muzeýe her gün 15 müň töweregi myhman, her ýyl bolsa 9 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
Iki sany Luwr muzeýi bar
Dünýäde Pariždäki Luwr muzeýinden nusga alnyp gurlan ikinji Luwr muzeýi hem bar. Ol Arap ýarym adasyndaky Abu Dabi şäherinde ýerleşýär. 2017-nji ýylda açylan öýkünme Luwr muzeýi Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýar. Bu muzeýe her ýyl 1 milliona golaý syýahatçy barýar.