«Endişe gazan gaýnatmaz»
Ata-babalarymyzyň durmuşy temada döreden bu nakylynda gaýgy-alada etmegiň adama peýda bermeýändigi barada söz açylýar. Endişe näme? Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: «Endişe – gaýgy-alada, ünji, alada» diýip düşündiriş berilýär. «Gazan gaýnatmak» bu ýerde degerli bir iş etmek, peýda bermek diýen manyda gelip, gaýgy-aladanyň peýdasynyň ýokdugy aýdylýar. Gaýgy-alada adamy sussupeslige eltýär, kellesine dürli pikirleriň gelmegine sebäp bolýar. Şeýle-de saglyga hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli ata-babalarymyz durmuşda islendik ýagdaýda sabyrly bolmagy, wakanyň anygyna ýetilýänçä garaşmalydygyny, ruhubelent we şähdaçyk bolmagy ündäpdirler. Şeýtmek bilen hem özüň, hem töweregiňdäkileriň rahatlygyny saklap bolýar. Muňa ugurdaş manyda «Müň gaýgy bir iş bitirmez», «Äre gaýgy ýoldaş bolmaz», «Adamy iş garratmaz, gaýgy-alada garradar» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.