Dünýä belli režissýor Jeýms Kameronyň filmleri prokatda özara bäsleşmegini dowam edýär. Kanadaly režissýoryň soňky kinosy “Awatar: suwuň ýoly” (Avatar: The Way of Water) filmi girdeji babatda onuň öňki meşhur ekran eseri “Titanik” filminden öňe saýlandy. Girdejisi 2 milliard 215 million dollara golaýlap gelýän film “Titanik” filminden öňe saýlanyp, 3-nji orna beýgeldi. Häzirki wagtda-da 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli käbir kinoteatrlarda görkezilýän “Titanik” filminiň şu wagta çenli gazanany 2 milliard 211 million dollardan köpdür.
“Awatar: suwuň ýoly” filminiň öňünde ýene-de 2 kino bolup, olaryň 1-njisi “Awatar” filminiň ilkinjisidir. Režissýoryň 2009-njy ýylda ekranlara çykan bu filminiň umumy girdejisi 2 milliard 922 million 917 müň 914 dollara deňdir. Sanawda 2-nji ýeri “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame) filmi eýeläp, 2019-njy ýylyň kinosy 2 milliard 797 million 501 müň 328 dollarlyk kassa ýygymyny toplady. Mahlasy, Jeýms Kameron häzirlikçe kino sungatynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan 4 filmiň 3-siniň režissýorydyr.