Dünýäniň dürli künjeginde her ýylyň 19-njy fewralynda gyzykly sport güýmenjeleriniň biri bolan ýüp çekmek ýaryşynyň halkara güni bellenilýär. 1900-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşulyp, 1920-nji ýylda Olimpiadanyň sanawyndan aýrylan ýüp çekmek ýaryşy (Tug of War) iki toparyň özara güýç synanyşmagy esasynda geçirilýär. Ýüp çekmek ýaryşynyň gelip çykyşy belli däl, ýöne taryhy maglumatlarda irki döwürlerde Kamboja, Müsür, Gresiýa, Hindistan we Hytaý sebitlerinde bu oýnuň oýnalandygy barada bellenilýär. Ýüp çekmek ýaryşy ilkibaşda «ýagtylyk bilen garaňkylygyň göreşmegi» diýen manyda geçirilipdir. Soňlugy bilen adaty sport görnüşine öwrülipdir.
Oýnuň gysgaça taryhy
1900-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek 5-6 toparyň arasynda ýüp çekmek ýaryşy geçirilýär. Şeýlelik bilen janköýerler entek görmedik bu sport ýaryşynyň şaýady bolýarlar. Şonda Şwesiýadyr Daniýadan gelen garyşyk topar kümüş medal gazanan Fransiýanyň ýerli toparyndan üstün çykyp, altyn medala mynasyp bolýar. Olimpiýa oýunlarynyň düzüminde jemi 5 gezek geçirilen «Tug of War» ýaryşynyň iň soňkusy 1920-nji ýylda bolup geçýär. Sebäbi Halkara Olimpiýa komitetiniň karary bilen şol döwürlerde Olimpiýa oýunlarynyň düzüminde 32 sport görnüşiniň bolmalydygy kesgitlenýär. Şol ýylky oýunlarda Beýik Britaniýanyň ýygyndysy altyn, Niderlandlaryň ýygyndysy kümüş medal gazanýar. 1960-njy ýylda ýüp çekmek ýaryşlaryny bütin dünýäde guramak üçin «Tug of War» halkara federasiýasy döredilýär. Bu federasiýa 70-e golaý ýurt agza bolýar. 1981-nji ýylda bu ýaryş dört ýyldan bir gezek geçirilýän Bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.
Bu sport. Bu gyzykly güýmenje. Bu güýçleriň bäsleşigi… Ýüp çekmek ýaryşyna gatnaşýanlaryň köpüsi şu sözleri gaýtalaýar. Uzakdan göräýmäge iki toparyň hersi ýüpüň bir ujundan çekýär. Göräýmäge bu aňsat we adaty zat ýaly. Ýöne munda toparyň her bir agzasynyň myşsalarynyň çeýeligi, sazlaşykly hereketi uly orun eýeleýär.
Bu ýaryşda haýsy topar güýjüni birleşdirip agzybirlikde hereket etse, şol hem ýeňiji bolýar.
Çykdajysyz sport görnüşi
Ýüp çekmek ýaryşyny geçirmek üçin artykmaç çykdajy we ýörite sport meýdançasy zerur däl. Ýaryşy islendik açyk meýdanda geçirip bolýar. Şeýle hem merkezi ýaglyk bilen çiglip bellik edilen, toparyň düzümine görä uzynlykda urgan (süýümden işilen ýogyn ýüp) gerek. Köplenç ýaryşa gatnaşyjylaryň sany ikiden sekize çenli aralykda bolýar. Käte has uly toparlaryň arasynda hem guralýan ýüp çekmek ýaryşy käbir ýurtda ýalpak suw howdanlarynda ýa-da palçykly ýerde geçirilýär.
Beden üçin gowy maşk
Bilermenler ýüp çekmegiň eliň we aýagyň myşsalarynyň çeýeligini artdyrýandygyny, güýç toplamak üçin iň gowy maşklaryň biridigini belleýärler. Mundan başga-da, ýaryşyň dowamyndaky dartgynly pursatlarda bil-oňurga süňkleri herekete gelip, beýniniň işjeňligi artýar.